Milli Parlamentde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd bilen duşuşyk boldy

Iri halkara guramanyň wekili parlamentarileri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy bilen gutlap, ähli türkmen halkyna bagt, parahatçylyk we rowaçlyk barada tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, sazlaşykly ösýän Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek ÝHHG-niň bähbitlerine doly kybap gelýär. Onuň Bitaraplyk derejesi Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň oňyn şerti bolup çykyş edýär.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň hem-de Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasaty netijesinde işjeň gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikler açylýandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz Ýewropa ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge aýratyn üns berýär hem-de dünýä ösüşiniň möhüm wezipelerini netijeli çözmäge gönükdirilen halkara tagallalaryna örän işjeň gatnaşýar.
Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda ýangyç-energetika, söwda-ykdysady we ulag-aragatnaşyk pudaklary, ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak, ynsanperwer ulgam görkezildi.
Döwleti we jemgyýeti demokratiýalaşdyrmagy dowam etmek, raýat hukugy babatda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek boýunça ýurdumyzyň ýöredýän ugruny nazara almak bilen, täze taslamalary amala aşyrmagyň möhümdigi bellenildi. Şol taslamalar umumy ykrar edilen halkara kadalaryny we ölçeglerini milli kanunçylyga hem-de hukuk ulanyş iş tejribesine ornaşdyrmaga gönükdirilendir.
Duşuşyga gatnaşyjylar taraplaryň hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklap, parlament edaralaryny ösdürmek babatda netijeli gatnaşyklary berkitmek ugrunda pikirlerini beýan etdiler.