DAŞOGUZDA LUKMANÇYLYK ÖNÜMLERINIŇ ÖNDÜRILIŞI ARTÝAR

photo

Daşoguz şäherinde ýerleşýän zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän karhana ýylyň başyndan bäri müşderilere ýedi ýarym million manatlykdan gowrak önüm ugratdy. Olaryň arasynda dürli ölçegli hasa, gipslenen we maýyşgak sargylar, leýkoplastrlar, zyýansyzlandyrylan tamponlar, aýak damarlarynyň çişmesinden maýyşgak joraplar, dyzbentler, daban bilen injik arasyndaky boguna geýdirilýän serişdeler, jemi aýry-aýry we toparlaýyn gaplanan lukmançylyk ähmiýetli ýokary hilli önümleriň 50-ä golaý görnüşi bar. Golaýda öndürilip başlanan dokalmaýan matalardan tikilýän ýeke gezek ulanylýan lukmançylyk ýektaýlaryna we kombinezonlaryna, metrleme agardylan hasa matalara hem uly isleg bildirilýär.

Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Fransiýanyň we beýleki ýurtlaryň belli kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli enjamlary kärhana ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň talaplaryna çalt seslenip, öz önümleriniň görnüşini artdyrymaga, önümçiligiň möçberini yzygiderli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, şu ýyl bu ýerde dokuz million manatlyk önüm öndüriler, bu bolsa geçen ýyldakydan köpdür.

Umuman, Daşoguzyň zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän karhanasy awtomatik düzgünde ýylda sargy serişdeleriniň 13 million gabyny çykarmaga niýetlenendir.