img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

BIRŽA TÄZELIKLERI

photo

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna BAE-den, Şweýsariýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro arassalanan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Türkiýe, Azerbaýjan döwletleriniň wekilleri daşary ýurt puluna nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 33 million 693 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şotlandiýanyň, Pakistanyň we Gazagystanyň işewürleri 12 million manatlykdan gowrak nah ýüplük satyn aldylar.