DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşe eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasatynyň çäklerinde milli maliýe ulgamyny ösdürmek boýunça özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini alamatlandyrýar.

Bütindünýä bankynyň maliýeleşdirmek boýunça maksatnamasynyň çäklerinde uzakmöhletleýin ýeňillikli karz serişdeleri gönükdirilýän taslamalar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzda daşary ýurtlaryň maliýe düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk üçin amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi özara gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň möhüm şertidir.