TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HALKARA AGYR ATLETIKA FEDERASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNA MINNETDARLYK HATYNY IBERDI

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji jenap Maýkl Iranä minnetdarlyk hatyny we mähirli salamyny ýollady.

Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde türkmenistanly türgen ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewanyň itekläp götermekde altyn medalyň we silterläp götermekde kümüş medalyň eýesi bolandygy baradaky hoş habary ýazan Maýkl Iraniniň hatyny uly kanagatlanma we şatlyk duýgusy bilen kabul edendigini belledi.

“Ildeşimiziň sportuň agyr atletika görnüşi boýunça altyn hem-de kümüş medallara mynasyp bolmagy bizi diýseň begendirdi we guwandyrdy. Mundan başga-da, türgenimiziň itekläp götermekde 104 kilogram agram bilen we jemi 179 kilogram agram bilen ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny täzelemegi bolsa, bizi has-da buýsandyrdy” diýip, milli Liderimiz öz hatynda nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hem-de bu ugurda giň halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Taryh üçin gysga döwrüň içinde ýurdumyzda halkara sport çärelerini ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýän hem-de dnýä ölçeglerine kybap gelýän döwrebap sport toplumlary we desgalary, şol sanda sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjigi gurlup, ulanylmaga berildi.

Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, soňky ýyllarda ýurdumyzda iri möçberli halkara sport çäreleriniň birnäçesi geçirildi.

Muňa mysal edip, 2017-nji ýylda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýylda geçirilen «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisini we agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen Aziýa çempionatlaryny görkezmek bolar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

“Biz şu ýyl hem Welotrek boýunça dünýä çempionatyny hem-de tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama tapgyryny, şeýle hem öňümizdäki 2022-nji ýylda sambo boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işlerini alyp barýarys” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda nygtalýar.

Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Halkara agyr atletika federasiýasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirmek bilen, ýurdumyzyň geljekde hem agyr atletika boýunça ýaryşlary ýene-de kabul etmäge taýýardygyny mälim etdi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Maýkl Iranini özüne amatly bolan wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

“Biz gadymy türkmen topragynda Sizi hormatly we gadyrly myhman hökmünde görmäge örän şat bolarys” diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriii jenap Maýkl Iranä berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny hem-de alyp barýan ähli asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.