TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI OMANYŇ SOLTANYNA YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2021-nji ýylyň 17-nji fewralynda Oman Soltanlygynyň Soltanynyň resmi oturýan ýeri bolan «Al Baraka» köşgünde Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi O.Çaryýewyň Omanyň Soltany Haýsam bin Tarek Al Saide Türkmenistanyň Oman Soltanlygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Er-Riýad şäheri)  ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. 

Ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasynyň çäklerinde Ilçiniň Omanyň Soltany bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda Ilçi Omanyň Soltany Haýsam bin Tarek Al Saide Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamlaryny we iň ýakymly arzuwlaryny ýetirdi.    

Oman Soltanlygynyň Soltany Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan beýan edilen mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda Türkmenistanyň Prezidentine iň ýakymly sözleri we dostlukly salamyny ýetirmegi sorady, Türkmenistanyň tutuş halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş ugrundaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.