TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi. 

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň salamyny döwlet Baştutanymyza ýetirdi. Goňşy ýurduň Baştutany milli Liderimize hem-de dostlukly türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi. 

Dostlukly döwletiň DIM-niň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, Özbegistanda biziň halklarymyzyň doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine türkmen Lideriniň goşýan şahsy goşandyna ýokary baha berýärler, ýokary döwlet derejesinde ýola goýulýan ynanyşmak, açyk we netijeli syýasy gatnaşyklar bolsa, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň özenini düzýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna we halkyna iň oňat arzuwlaryny beýan edip, goňşy döwletler, şol sanda Özbegistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň milli daşary syýasy ýörelgäniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz özara düşünişmek ýagdaýyna esaslanan oňyn türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşiniň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi hem-de olary giňeltmegiň möhümdigini tutuş sebitiň bähbidine hyzmat edýän ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini aýratyn nygtady. 

Söhbetdeşligiň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän sebit we dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, häzirki döwrüň birnäçe meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini görkezýärler. Şunuň bilen baglylykda, halkara derejesinde ynanyşmagyň we özara goldaw bermegiň ýokary derejesi nygtaldy hem-de parahatçylygy, durnuklylygy we rowaçlygy üpjün etmegiň bähbidine abraýly halkara düzümleriniň, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň hem-de beýlekileriň çäklerinde gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanmalar tassyklanyldy. 

Nygtalyşy ýaly, ýurtlaryň ikisi hem sebitiň umumy meselelerini çözmekde hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýärler. Şol möhüm meseleleriň hatarynda Araly halas etmek hem-de suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmak meseleleri durýar. 

Sebitleýin howpsuzlyk we durnuklylyk hem-de şunuň bilen baglylykda, goňşy Owganystana kömek bermek baradaky meselelerde hyzmatdaşlyk etmek aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygy we raýat ylalaşygyny dikeltmek boýunça halkara tagallalaryna Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň işjeň gatnaşýandyklary umumy ykrar edilendir we söhbetdeşleriň belleýşi ýaly, bu ugurdaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn we halkara derejesinde hem dowam etdiriler.

Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysy türkmen Lideriniň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň, şol sanda Milletler Bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldanylan 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky teklibiniň öz wagtynda öňe sürlen wajyp başlangyçdygyny belledi. 

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren strategik başlangyçlaryny Özbegistan doly goldaýar. 

Duşuşygyň dowamynda syýasy, diplomatik meseleler bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň geljegi-de ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary gaz, elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, söwda, obasenagat hem-de beýleki ulgamlarda bilelikde işlemekden ybaratdyr. 

2020-nji ýylda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 8,6 göterim ýokarlanandygyny bellemek ýerliklidir. 

Bu babatda dürli ugurlarda gazanylýan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň, şeýle hem geçen ýylyň 7-nji oktýabrynda wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilen “Türkmenistan-Özbegistan” işewürler geňeşiniň ilkinji mejlisiniň işine oňyn baha berildi. 

Söhbetdeşler ulag-aragatnaşyk ulgamynda we ilkinji nobatda, täze üstaşyr geçelgäni döretmek boýunça bilelikdäki giň gerimli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmegiň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdiler. 

DIM-niň ýolbaşçysy A.Kamilowyň nygtaýşy ýaly, Özbegistan türkmen Lideriniň öňe süren Aziýanyň we Ýewropanyň, Ýakyn hem-de Uzak Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlaryny işjeň goldaýar. Şol başlangyçlar halkara üstaşyr ýük akymlaryny köpeltmäge, durnukly ösüşe, Merkezi Aziýa we serhetdeş sebitleriň ýurtlarynyň durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösmegine ýardam bermäge gönükdirilendir. 

Myhman öz ýurdunda geçen ýyl COVID-19 pandemiýasy sebäpli ýüze çykan dünýäniň umumy ykdysady çökgünligine garamazdan, Türkmenistanyň gazanan ykdysady üstünliklerine ýokary baha berilýändigini aýtdy hem-de bellenilen umumy meýilnamalaryň we taslamalaryň geljekde hem üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine umyt bildirdi. 

Şeýle hem iki ýurduň halklaryny asyrlaryň dowamyndan bäri birleşdirýän medeni we ruhy däpleriň taryhy taýdan ýola goýlan umumylygy binýadynda duran ynsanperwer ulgamda netijeli gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Daşoguz welaýatynda özbekleriň uly kowçum bolup, türkmenler bilen dostlukda we doganlykda agzybir ýaşaýandyklaryny belledi. Olar öz zähmeti bilen ýurdumyzyň gülläp ösmegine uly goşant goşýarlar. Munuň bir mysaly hökmünde 2020-nji ýylyň iň oňat etrabynyň sylaglanylmagyny görkezmek bolar. Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby ýörite bäsleşigiň netijeleri boýunça iň gowy etrap diýip yglan edildi. 

Daşkent şäherinde türkmen halkynyň akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän köçäniň we akyldar şahyryň heýkeliniň hem-de “Aşgabat” seýilgähiniň açylmagy baky dostlugyň, agzybirligiň hem-de halklaryň medeni taýdan ýakynlygynyň aýdyň nyşanydyr. 

Öz nobatynda, türkmen paýtagtynda Alyşir Nowaýy köçesi bolup, “Ylham” seýilgähinde onuň ýadygärligi oturdyldy. 

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmek boýunça birnäçe tekliplerini aýtdylar. Hususan-da, milli Liderimiz Aşgabatda “Daşkent” diýen at bilen seýilgähiň guruljakdygyny belledi. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz we myhman döredijilik we ylmy işgärleriň yzygiderli duşuşyklaryny, Medeniýet günlerini, sergileri, konsertleri, festiwallary geçirmegiň üstünlikli tejribesini dowam etmek babatda bilelikdäki pikirlerini aýtdylar. Munuň özi umumy mirasyň goralyp saklanylmagyna hem-de halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, dünýä taryhynda we medeniýetinde uly yz goýan ajaýyp şahsyýetleriň, şol sanda Özbegistanyň beýik döwlet işgäri, ýazyjy Zahiriddin Muhammad Baburyň hormatyna şanly dabaralary bilelikde geçirmegiň wajypdygy nygtaldy. 

Döwlet Baştutanymyz hem-de myhman türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň, şol sanda iri halkara we sebit guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklaryň yzygiderli ösüş depginine kanagatlanma bildirip, häzirki döwürde isleg bildirilýän ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. 

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow iki ýurduň arasynda uzakmöhletleýin gatnaşyklary arkaly berkidilen ýörelgeler esasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň doganlyk halklaryň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.