TÜRKMENISTANYŇ WE FRANSIÝANYŇ IŞEWÜRLER BILELEŞIKLERI HYZMATDAŞLYK ÝOLUNDA

23-nji fewralda Türkmenistanyň Senagatçylar we  telekeçiler birleşmesiniň Başlygy Döwran Hudaýberdiýew bilen “MEDEF International”-yň (Fransiýanyň kärhanalar  hereketi) Ýerine ýetiriji direktory Filipp Gotýeniň (Philippe Gautier) onlýan duşuşygy geçirildi, onuň jemi boýunça Birleşme bilen “MEDEF International”-yň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi.

 Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň we Fransiýanyň işewürler birleşmeleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň geljegini we mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem taraplar ýakyn wagtda Aşgabatda ýa-da Parižde iki ýurduň işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki telekeçilik forumuny geçirmek barada ylalaşdylar.

Fransiýanyň kärhanalar  hereketi—MEDEF  öz işini döwlete  garaşsyz alyp barýan hususy guramadyr.

MEDEF fransuz  telekeçiliginiň ähmiýetli wekilidir. Onuň hatarynda ähli pudaklardan dürli derejeli fransuz kärhanalarynyň 800 000-si bar.

“MEDEF International” 1989-njy ýylda daşary ýurtlarda fransuz kärhanalarynyň işini höweslendirmek,   döwletleriň liderleri we tutuş dünýä ýurtlarynyň şahsy wekilleri bilen gönüden-göni gatnaşyklary ýola goýmak  üçin döredildi.

Bu Hereket Fransiýanyň iri halkara kompaniýalarynyň 55-siniň başlyklarynyň ýolbaşçylygynda ikitaraplaýyn işewürlik geňeşleriniň 85-sini dolandyrýar.