img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

BIRŽA TÄZELIKLERI

photo

13.03.2021

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna daşary döwletleriň işewür toparlarynyň wekilleri nebithimiýa önümlerini, hususan-da, Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy, polipropileni, suwuklandyrylan gazy, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit ýol bitumyny hem-de uçar kerosinini, owganystanly telekeçiler bolsa, “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 38 million 83 müň dollaryndan gowrak boldy.