«DERÝAPLASTIK» HJ ELEKTRIK SUW GYZDYRYJYLARY ÇYKARMAGY ÖZLEŞDIRDI

photo

«Derýaplastik»  hojalyk jemgyýeti elektrik boýlerleriň önümçiligini özleşdirdi. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda  jaşaýyş jaýlary üçin suw gyzdyryjylaryň 400 müňüsini çykarmaga niýetlenen kärhana işe girizildi. Önümçilik sehlerinde ýokary tehnologiýaly enjamlaryň kyrkdan gowragy oturdyldy.

Hojalyk jemgyýetiniň täze önümi bäş ýyllyk kepillik bilen çyrakylýar we daşary ýurtlaryňkydan iki esse arzan. Onuň demir bölekleriniň posa ýokary derejeli durnuklylygy  innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagynyň hasabyna gazanylýar. Içki termiki baka haryt öndürijiler ýörüte örtgi çalýarlar, baklaryň arasyna bolsa penopoliuretan ýylylyk izolýasiýasyny goýýarlar. Suw gyzdyryjy tenleri –Germaniýanyň önümi. 

Häzirki wagtda kärhanada 15 litrden 150 litre çenli boýlerleri çykarmak  özleşdirildi. Telekeçiler önüm bilen içerki bazary doldurmagy we onuň eksport mümkinçiligini giňeltmegi maksat edinýärler. Zawodyň kuwwatlylygy ýylda daşary ýurtlara 200 müň bolýer ibermäge mümkinçilik berýär. Şu ýyl alýuminiý radiatorlary çykarmak hem özleşdiriler.

«Derýaplastik»  HJ köp ýyllar bäri ýurtda gurluşyk serişdelerini öndürmekde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki wagta çenli hojalyk jemgyýetiniň düzüminde dört kärhana işleýär, olaryň ikisi plastik önümleri: turbalary, ätiýaçlyk şaýlary we fitingleri, asma bamlary,  penjire öňlerini, elektrik kabellerini çykarýar.

Üç ýyldan gowrak wagt bäri keramiki santehnika önümlerini çykarýan zawod işläp gelýär. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan we eksňorta gönükdirilen önümi çykarmak üçin çig mal Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýar. Önümçiligiň möçberiniň giňelmegi bilen birlikde harytlaryň görnüşleri-de artdyryldy, olaryň görnüşleri 1300-e golaýlaýar. 2018-nji ýyldan bäri kompaniýa önümlerini GDA ýurtlarynyň ählisine diýen ýaly ugradýar.

Wladimir KOMAROW