Türkmen telekeçileri «Moscow Halal Expo» pudaklaýyn sergä gatnaşdylar

«Moscow Halal Expo» halkara sergisi Russiýanyň paýtagtynda 2010-njy ýyldan bäri geçirilýär we oňa önümleri hem-de hyzmatlary Halal hil ölçeglerine gabat gelýän kompaniýalar gatnaşýarlar. Dünýä ýurtlarynyň 40-syndan hünärmenleriň ýygnanmagy Halal bazarynyň öňdebaryjylaryny birleşdirýän söhbetdeşlik meýdançasy boldy. Serginiň tematiki bölümlerinde azyk önümlerini öndürmek, lukmançylyk we saglygy goraýyş, modalar we gözellik pudagy, lomaý-bölek söwda, maglumatlar tehnologiýalary, maliýe we maýa goýmy, halkyň sarp edýän harytlary ýaly ykdysadyýetiň ähli ugurlary teklip edilýär. 

Halal sergisinde harytlar we hyzmatlar, tanymal tekjeleriň, bölümleriň we dükanlaryň, innowasion işläp taslamalar babatda, şeýle hem maýa goýum taslamalary görkezilýär. «Moscow Halal Expo» sergisinde pudaklaýyn forumlar we „tegelek stollar“, şeýle hem ýaňy işe başlan telekeçiler üçin telekeçilik okuwlary geçirilýär. Forumyň işine Türkmenistanyň wekilleri --„Netijelik“ HJ-niň telekeçileri hem gatnaşdylar. Olar daşary ýurtly kärdeşleriniň tejribesi bilen tanyşmaga we Halalyň milli ugruny ösdürmegiň geljegine baha bermäge mümkinçilik aldylar. 

--Halalyň talaplary biziň döwrümizde belli bir ölçegler hökmünde beýan edilendir, bu bolsa önüm öndürijileriň öňünde borçnamalar goýýar we kärhanalara ygtyýarnama bermek işini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär,--diýip, „Netijelik“ HJ-niň direktory Daniil Maýkowskiý gürrüň berýär.— Forumda biz bu önümçilik ulgamynda öňdebaryjy kärhanalaryň tejribesi bilen tanyşdyk, tanyşdyryşlara we okuwlara gatnaşdyk. 

Biziň maslahat beriş-konsalting kompaiýamyz 2010-njy ýyldan bäri işläp gelýär. Biz Türkmenistanyň kärhanalarynyň we guramalarynyň, şol sanda kiçi we orta telekeçilik ulgamynda ykdysady ösüşe we netijeli işlemegine gönükdirilen hyzmatlary edýäris. Halal ölçeginiň talaplaryna laýyklykda ytyýarnama almak – munuň özi ýokary hilli önüm öndürmekde we türkmen harytlarynyň eksport mümkinçiligni ýokarlandyrmakda möhüm ugurdyr. 

Häzirki wagtda ýurdumyzyň kärhanalarynyň onlarçasy ISO 9001, HACCP, FSSC 22000 we beýleki halkara ölçeglerine berk eýerip işleýärler. «Moscow Halal Expo» sergisinde öwrenenlerimiz bize maslahat beriş serişdelerimizi giňeltmäge we bize ýurdumyzyň önüm öndürijilerine Halal ygtyýarnamasyny almak işini oňaýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.