img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

photo

Şu gün, 6-njy awgustda Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň  Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi.

Iki ýurduň Baştutanlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ugurlar boýunça özara hereketletiň has hem giňeldilmegi üçin ähmiýetli mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerine seredip geçdiler. 

Prezidentler şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys ugurlary boýunça hem pikir alyşdylar.