img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Beýik Ýüpek ýolunyň bir bölegi boýunça - Amuldan Hazara çenli welosipedli ýaryş geçiriler

photo

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine “Amuldan Hazara çenli” atly awtomobil ýaryşyny guramagy tabşyrypdy. Şunuň bilen baglylykda, 15-nji dekabrda bolan hökümetiň mejlisinde döwlet Baştutanymyz bu ugur boýunça welosiped ýaryşyny, onuň welaýatlaryň çäginden geçýän böleklerinde bolsa sport ylgaw ýaryşlaryny guramak barada teklibi öňe sürdi. Milli Liderimiz medeni we sagaldyş maksatlaryny özünde jemleýän şeýle çäreleriň jemgyýetimizde işjeň durmuş ýörelgesini berkarar etmäge, ülkämizi öwrenmäge, ýurdumyzyň taryhyny bilmäge ýardam etjekdigini nygtady. 

Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça syýahatçylyk we gezelenç saparlaryny guramagyň möhümdigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sporty, bedenterbiýe hereketini wagyz etmäge, halkymyzyň medeni mirasyny tanyşdyrmaga täze çemeleşmeleri ornaşdyrmalydygyna ünsi çekip, köpçülikleýin işiň öwreniş syýahatçylygy we dürli sport çäreleri ýaly görnüşlerini birleşdirmegiň dogry boljakdygyny aýtdy.