img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAZAGYSTANYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ HATYNY IBERDI

photo

2022-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewa gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany soňky günlerde bolup geçen pajygaly wakalaryň köp adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi bilen baglylykda K.Tokaýewa hem-de ähli Gazagystanyň halkyna çuňňur gynanjyny bildirdi.

Gurban bolanlaryň ähli dogan garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň, şeýle hem öz adyndan Türkmenistanyň Prezidenti gynanjyny we medet beriji sözleri, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.