img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

KHBS ÜÇIN HABAR

photo

Şu gün, 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blohiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň DIM-leriniň derejesinde syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmeginiň maksadalaýykdygy bellenildi.

Şeýle hem hökümetara gepleşikleriniň yzygider gurnalmagynyň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.