img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

GDA-NYŇ 30 ÝYLLYK HYZMATDAŞLYGY RESMINAMALARDA WE FOTOSURATLARDA

photo

Türkmen ekspozisiýasy Russiýa federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Russiýanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza-ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlap gurnan fotosuratlaryň we resminamalaryň sergisiniň aýrylmaz bölegi boldy.

Serginiň dabaraly açylyşy RF-nyň DIM-niň Uly binasynda GDA ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarynyň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Taryhy-dokumental departamenti tarapyndan Türkmenistanyň RF-daky Ilçihanasynyň goldaw bermeginde gurnalan Türkmenistanyň ekspozisiýasynda iki ýurduň ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygynyň hemme taraplaryny açyp görkezýän seýrek duş gelýän fotosuratlar we resminamalar görkezildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we ynsanperwer ugry boýunça döwletara gatnaşyklary temalaryna aýratyn üns berildi.