RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Awg

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ YKDYSADY FORUMYNYŇ BARŞYNDA SÖWDA-YKDYSADY ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» Kongresler merkezinde MA ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumy geçirildi. Forumyň plenar mejlisiniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow  gutlag sözi bilen çykyş etdi. Foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdyl...

DOWAMY
pic
6 Awg

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ ZENANLARYNYŇ DIALOGYNYŇ BARŞYNDA GENDER SYÝASATYNY KÄMILLEŞDIRMEK BABATDAKY HYZMATDAŞLYK ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy geçirildi. Çäre şol gün Hazar deňziniň türkmen kenarynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji Konsultatiw duşuşygy bilen bir wagtda geçirildi. Dialogyň gatnaşyjylary, ýagny Özbegistanyň Oliý Mažlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa, Gazagystanyň Parlamentiniň Mažilisiniň Halkara...

DOWAMY
pic
6 Awg

MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGYNA BAGYŞLANAN YKDYSADY WE MEDENI UGURLAR BOÝUNÇA SERGILER

Şu gün, 6-njy awgustda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň iki günlük halkara sergisi öz işine başlady. Halkara serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Serginiň açylyş dabaras...

DOWAMY
pic
5 Awg

GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI ÝOKARY DEREJELI BÄŞTARAPLAÝYN DUŞUŞYGA GATNAŞMAK ÜÇIN TÜRKMENISTANA GELDI

Şu gün, 5-nji awgustda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana geldi. Saparyň maksady 6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmakdan ybarat. Saparyň çäklerinde Prezident Sadyr Žaparowyň  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn duşuşygy meýilleşdirilýär.

DOWAMY
pic
5 Awg

GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGYNA GATNAŞMAK ÜÇIN TÜRKMENISTANA GELDI

2021-nji ýylyň 5-nji awgustda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana geldi. Gazagystanyň Baştutany 6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşar. Saparyň çäklerinde Prezident Kasym-Žomart Tokaýewyň  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn duşuşygyna garaşylýar.

DOWAMY
pic
5 Awg

ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANDA KONSULTATIW DUŞUŞYKDA SEBIT KÄRDEŞLERI BILEN DUŞUŞAR

2021-nji ýylyň 5-nji awgustynda Prezident Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygyndaky Özbegistan Respublikasynyň hökümet wekiliýeti Türkmenbaşy şäherine geldi. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti 6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygyna gatnaşar. Özbegistanyň Baştutanynyň saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçiriler.

DOWAMY
pic
4 Awg

TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARYNY AMALA AŞYRÝAR

2021-nji ýylyň 3-nji awgustynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi. 4-nji awgustda saparyň resmi bölegi başlandy. Prezident Emomali Rahmonyň ulag kerweni Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk Meýdançasyna ugrady. Bu ýerde ýokary derejeli myhmany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, döwlet Baştutanlary özleri üçin ýörite niýetlenen ýere geçdiler. Bu ýerde Prezident Emom...

DOWAMY