SOŇKY HABARLAR
KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINE YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Şin Song-çol bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine gönükdirilen işinde üstünlik gazanmagyny we belent sepgitlere ýetmegini arzuw etdi. Diplomatlar Türkmenistanyň we Koreýanyň arasynda dürli derejelerde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň i...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän täze, 2021-nji ýylda ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar. Gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen bag...
TÄZE ÝYLYŇ «TÜRKMENISTAN — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY» ŞYGARYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT
Şu gün paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygarynyň yglan edilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi. Dabaraly çärä Mejlisiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen tassykla...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna BAE-den, Şweýsariýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro arassalanan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Türkiýe, Azerbaýjan döwletleriniň wekilleri daşary ýurt puluna nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 33 million 693 müň dollaryndan g...
TÄZE “BAGABAT ” ŞYPAHANASY GIJE-GÜNDIZIŇ DOWAMYNDA HYZMATLARY ÝOLA GOÝÝAR
Şu gün, 2021-nji ýylyň ilkinji gününde Mejlisiň ýolbaşçylary hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan döwrebap “Bagabat” şypahanasyna bardylar. Şypahana-dynç alyş ulgamy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugrudyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eziz Diýarymyzyň rowaçlygyna, mähriban halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen durmuş ugurly syýasatyny amala a...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, ýetip gelen Täze, 2021-nji ýyl mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de berk jan saglyk, bagt, türkmen we türk halklarynyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine ähli baglangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respub...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ TÜRKMEN HALKYNA TÄZE ÝYL GUTLAGY
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl tamamlanyp barýar. Biz az salymdan üstünliklere beslenen bu ýyl bilen hoşlaşyp, Täze — 2021-nji ýyly uly şatlyk bilen garşylarys. 2021-nji ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça sygyr ýyly. Sygyr «Malym — janym» diýýän türkmeniň gowy görýän mallarynyň biri, öý-ojagyň, maşgalanyň rysgaly. Şoňa görä-de, sygyr ýyly bereketli ýyl hasaplanýar. Merdana halkymyz Täze ýyla aýdyň maksatlar, uly y...