SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ WE DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ BILELIKDÄKI MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň öňüsyrasynda Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýyl üçin bilelikdäki soňky mejlisini geçirdi. Şeýle hem mejlise Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri çagyryldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada maglumat berdi. 2021-nji ýyly “Türkmenist...
KONSERTMEÝSTERLER USSATLYGYNYŇ TÄZE ÝYL KONSERTI
Täze, 2021-nji ýylyň öň ýanynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera ansambly we konsertmeýster ussaltygy kafedrasynyň talyplary konsert berdiler. Ol Juzeppe Werdiniň «Trubadur» operasyndan Azuçenanyň aýdymy bilen açyldy. Ony pianinoçy Agabaý Muhammetberdiýewiň sazandarlygynda Tylla Saryýewa özüne mahsus usulda duýgylaryny gaýgyrman ýerine ýetirdi, ol aýdymynda gahrymanynyň hyjuwyny beýan etdi. Tylla üç eseri ýerine ýetirdi, olar duýgylar stilistikasy babatda bir-bi...
TÜRKMEN TÜRGENLERINIŇ BUZ ÜSTÜNDÄKI TÄZE ÝYL GÖRKEZME ÇYKYŞLARY
Täze ýyl baýramy-da ýetip geldi. Häzirki gyş günleri ýaşajyk ýa-da ýaňy başlan bolsa-da, figuralaýyn typyjy türgenleriň buz üstündäki çykyşlaryna syn etmek has-da özüne çekiji tomaşa. Aşgabadyň Sportuň gyşky görnüşleri toplumyna gatnaýanlar görkezme çykyşlary bilen begendirdiler. Buz üstünde «Maral» tans ansamblynyň repertuary indi ençeme ýyl bäri düregeýligi bilen tapawutlanýar. Ýaşajyk figuralaýyn typyjylar ençeme gezek daşary ýurt festiwallarynda baýrakly orunlary eýelediler, her ýyl gyş,...
AŞGABAT JEMLEÝJI RESMINAMASY BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI MEJLISINIŇ WE HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE ÝAÝRADYLDY
Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahaty üstünlikli geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Şeýle-de bu maslahatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Ýusef Ben Ahmed Al-Usaýmin, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakynda Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli ýyl boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilmegi ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik berdi. Hormat...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDETINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK BOLDY
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, ýetip gelýän Täze, 2021-nji ýyl bilen birek-biregi gutladylar hem-de berk jan saglyk, bagt, türkmen we özbek halklarynyň abadançylygynyň bähbidine ähli başlangyçlarda we bilelikdäki işde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Iki ýurduň Liderleri ikitaraplaýyn gatnaşyklara üýtgewsiz mahsu...
DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMENISTANYŇ BAKY BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP GEÇIRILEN DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERINE SOWGATLAR GOWŞURYLDY
2020-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Daşary işler ministrliginiň edarar binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we «Nesil» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda geçirilen «Baky Bitarap Türkmenistan – meniň Watanym» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen dabara Türkmeni...