RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ WEKILLERI ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilçilikli wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäherine iş sapary bilen gitdi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti owgan Hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri bilen işjeň gepleşikleriň birnäçesini geçirdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary i...

DOWAMY
pic
9 Ýan

ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSY AŞGABAT JEMLEÝJI RESMINAMASYNYŇ KABUL EDILMEGINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRDI

2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd brifing geçirdi. Brifingiň esasy temasy, geçen ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat jemleýji resminamasy boldy. Mälim bolşy...

DOWAMY
pic
8 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, şu gün ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçen 2020-nji ýylda amala aşyran işleriniň netijeleriniň jemleniljekdigini, olaryň öňünde ýakyn geljek üçin durýan wezipeleriň kesgitleniljekdigini belledi. Ilki bilen, geçen ýyl...

DOWAMY
pic
8 Ýan

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde wideomaslahat ulgamy arkaly ABŞ-nyň Halkara ösüşi maliýeleşdirmek boýunça korporasiýasynyň (USIDFС) baş ýerine ýetiriji direktorynyň geňeşçisi Kaleb Makkerri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň maliýe-ykdysady edarasynyň, şeýle hem Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Daşary işler ministrliginiň hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp ba...

DOWAMY
pic
7 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY GFR-NYŇ HÖKÜMETINIŇ OWGANYSTAN WE PAKISTAN BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRDI

2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň GFR-nyň Hökümetiniň Owganystan we Pakistan boýunça Ýörite wekili Markus Potzel bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, diplomatlar Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasynda ikitaraplaýyn, edil şonuň ýaly-da halkara hem-de sebitleýin düzümleriň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygynyň derejesine ýokary baha berdiler. Sebit derejesinde howpsuzlygyň we durn...

DOWAMY
pic
7 Ýan

BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ BAŞTUTANY METBUGAT-MASLAHATYNY GEÇIRDI

2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Aşgabatda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň baştutany Natalýa German metbugat-maslahatyny geçirdi. Çärä ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen žurnalistler, şeýle hem sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly daşary ýurt KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylaryň arasynda Azerbaýjanyň, Beýik Britaniýanyň, Gruz...

DOWAMY
pic
6 Ýan

HYTAÝYŇ ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINE YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY

2021-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda R.Meredow HHR-nyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň geljekki diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Bu ugurda şu ýyl türkmen-hytaý diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynda ähmiýetli senä gadam basylýandygy hem bellenilip geçildi. Taraplar hyzma...

DOWAMY