SOŇKY HABARLAR
HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÜÇÜNJI MERKEZI AZIÝA MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2020-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda wideo aragatnaşyk arkaly Howanyň üýtgemegi boýunça üçünji Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam eder. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet gulluklarynyň, ösüş boýunça halkara agentlikleriniň, maliýe institutlarynyň, ylmy jemgyýetçiliginiň hem-de raýat guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Bu maslahatyň esasy mowzugy – deňeşdirilýän wagt araçäkleriniň dowamynda syn edilýän we howanyň tebigy durnuksyzlygy bilen bagly bol...
RESMI HABAR
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
TÜRKMENISTANYŇ WE HYTAÝYŇ DAŞARY SÖWDA EDARALARYNYŇ WEKILLERI HYZMATDAŞLYGYŇ GÜN TERTIBINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Şu gün wideomaslahat aragatnaşygy arkaly Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara komitetiniň söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky bölümçesiniň VI mejlisi boldy. Türkmen wekilýetine Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysadygy gatnaşyklar ministriniň orunbasary K. Gurbanow, hytaý wekilýetine HHR-yň telekeçilik minisitriniň orunbasary we halkara söwda gepleşiklerinde HHR-yň wekiliniň orunbasary Ýuý Szýanhua ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň dowamynda taraplar özara gatnaşyklaryň meseleleri...
HALKARA WALÝUTA GAZNASY WE BÜTINDÜNÝÄ BANKY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEGINE GARALDY
Şu gün ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bank toparynyň wekilleri bilen onlaýn duşuşyk geçirildi. Onda özara gatnaşyklaryň geljekki möhüm ugurlary we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Dünýäniň we sebitiň öňdebaryjy banklary bilen maýa goýum babatdaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu u...
TÜRKMENISTANYŇ TARYHY-MEDENI ÝADYGÄRLIKLERINI ÖWRENÝÄN ARHEOLOGLARYŇ ONLAÝN - DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Şu gün Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi onlaýn görnüşde alymlaryň halkara duşuşygyny gurady. Maslahat «Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň medeni mirasy öwrenmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýeti» atly mowzuk bilen baglanyşykly boldy. Paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen wideomaslahat bilen birlikde, alymlar tarapyndan ýurdumyzyň dürli ýadygärliklerinde ýüze çykarylan tapyndylary...
ÝAŞAJYK NAKGAŞLARYŇ BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN IŞLERINIŇ SERGISI
Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň umumybilim berýän we ýöriteleşdirilen mekdepleriniň okuwçylary öz eserlerini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlapdyrlar. Daşoguz welaýat Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň eýwanynda çagalaryň zehininden dörän işler görkezilýär. Çäräni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi M. Garlyýew adyndaky ýöriteleşdirilen sungat mekdebi bilen bilelikde gurady. Tematiki sergide žiwopis, heýkeltaraşlyk we amaly-haşam sungat...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasynaBirleşen Arap Emirliklerinden,Şweýsariýadan, Türkiýeden, Şotlandiýadan, Owganystandan, Panamadan we Özbegistandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, gyzdyrylan nebit koksuny satyn aldylar. Türkiýe Respublikasyndan gelen täjirler bolsa“Türkm...