SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ SENAGAT WE GURLUŞYK ÖNÜMÇILIGI MINISTRINIŇ ÝAPONIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Katsumata Takahiko bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar dostluk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Soňky ýyllaryň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-ýapon gatna...
DIM-DE HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK ASSOSIASIÝASYNYŇ HEM-DE HALKARA TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI ASSOSIASIÝASYNYŇ ALYP BARÝAN IŞLERINE BAGYŞLANAN HALKARA BRIFING GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň alyp barýan işlerine bagyşlanan halkara brifing geçirildi. Brifinge ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda işleýä...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli türkmen-hindi gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge berýän ünsi üçin Prezident Ram Nath Kowinde tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, biziň ýurtlarymyzyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriň ugry boýunça hem işjeň hy...
TÜRKMENISTANYŇ MARRAKEŞ YLALAŞYGYNA GOŞULMAGY HAKYNDAKY GURALYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Bütindünýä Intellektual eýeçiligi guramasynyň (BIEG) Ženewa şäherindäki merkezi edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen «Körlere we görüş ukyby bozulan ýa-da metbigat maglumatlaryny kabul etmek bilen bagly beýleki mümkinçilikleri çäkli adamlara çap edilen eserleriň elýeterliligini ýeňilleşdirmek hakyndaky Marrakeş Ylalaşygyna» (2013-nji ýyl) goşulmak hakynda guralyň BIEG-iň Baş direktory jenap Daren Tanga gowşuryş dabarasy geçirildi. Dabar...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI FRANSIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Izabel Gineli kabul etdi. Diplomat milli Liderimize ynanç hatyny gowşuryp, wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostluk ýörelgelerini hem-de netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge berilýän uly ähmiýetini nygtaýan mähirli sözlerini beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz ilçini j...
MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ÜÇÜNJI MEJLISI GEÇIRILDI
Şu gün, 2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow “Merkezi Aziýa + Russiýa” formatynda geçirilen Daşary işler ministrleriniň üçünji duşuşygyna gatnaşdy. Mejlise Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri R.Kazakbaýew, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamil...
SÖWDA-YKDYSADY ULGAMYNDA TÜRKMEN-HYTAÝ HYZMATDAŞLYGYNYŇ ÖSDÜRILMEGINIŇ DERWAÝYSLYGY
2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň VI mejlisi göni wideo aragatnaşyk arkaly geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary K.Gurbanow, hytaý tarapyna bolsa HHR-iň Söwda ministriniň orunbasary we Hytaýyň halkara söwda gepleşiklerindäki wekiliniň orunbasary Ýuý Sziýanhua wekilçilik etdiler. Şu formatda ilkinji gezek geçiri...