img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

Şu gün, 21-nji sentýabrda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde wideomaslahat görnüşinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyp, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar, ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdüler. Şunuň bilen baglylykda, ýokary döwlet derejesinde emele gelen dostlukly, a...

DOWAMY
pic
21 Sen

TÜRKMENISTAN BILEN RUSSIÝANYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ ARASYNDA GATNAŞYKLARYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Nyýazlyýewiň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin bilen duşuşygy boldy. Gepleşikleriň başynda sebitiň ýolbaşçysy koronawirus pandemiýasynyň giňden ýaýran döwri Astrahan oblastyna ynsanperwer kömegini ibermek kararyna gelendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Bu päkniýetli kömek Türkmenistan bilen Russiýanyň Astrahan oblastyny baglaşdyrýan hoşmeýilli...

DOWAMY
pic
21 Sen

TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYK BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN SERGI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy. Onuň açylyş dabarasyna tanymal taryhçy alymlar, muzeý hünärmenleri, sungaty öwrenijiler gatnaşdylar. Olaryň çykyşlary sergä giriş bolup ýaňlandy. Sergi üç bölümden ybarat. Onuň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan birinji bölüminde ýurduň taryhynyň şanly wakalary barada gürrüň berilýär. Türkmenleriň köpasyrlyk taryhy döwürde guran uly döwletleriniň baýdaklary, olaryň me...

DOWAMY
pic
21 Sen

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 112-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan we Özbegistandan gelen telekeçiler polietileni satyn aldylar, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosini bolsa ABŞ-dan we Şweýsariýadan gelen täjirleriň geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan başga-da daşary ýurt puluna takiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümler, jinsi matasy, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ý...

DOWAMY
pic
20 Sen

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT

Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ählumumy gerimi (SGHÄG) meselesi COVID-19 pandemiýasyna hem-de onuň getirýän netijelerine garşy çäre görmek bilen baglylykda maliýe we saglygy goraýyş ministrleriniň onlaýn görnüşde geçirilen bilelikdäki maslahatyň gün tertibine girizildi, oňa Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Aziýanyň Ösüş banky, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy hem-de Ýaponiýanyň Maliýe ministrligi tarapyndan guralan onlaýn görnüşdäki duşuşygyň esasy maksady t...

DOWAMY
pic
20 Sen

«ÖSÜŞIŇ TÄZE BELENTLIKLERINE TARAP» NEŞIRINIŇ NOBATDAKY SANY

?Ösüşiň täze belentliklerine tarap» neşiriniň saýlanan eserleriniň nobatdaky 13-nji jilti çapdan çykdy. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň täze taryhyna «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar bilen giren 2019-njy ýyldaky maksatnamalaýyn çykyşlary, ylmy makalalary, interwýulary, halkymyza ýüzlenmeleri we gutlaglary girizildi. Neşirde milli Liderimiziň amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleri, durmuşa geçirilýän ägirt uly taslamalar, jemgyýetiň syýasy ulga...

DOWAMY
pic
20 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HEM-DE PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDAKY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

020-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine uly goşandy hem-de berýän ünsi üçin Prezident Arif Alwä tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, biziň döwletlerimizi hem-de halklarymyzy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan baý dostluk we hyzmatdaşlyk däpleriniň baglany...

DOWAMY