SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN BILEN UKRAINANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDA WIDEOMASLAHAT GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitriý Kulebanyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleri boýunça işjeň ýagdaýda pikir alşyldy hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gepleşikleriniň derejesine garaldy. Taraplar hökümetara gatnaşyklarynyň ilerledilmeginde ýokary derejedäki duşuşyklaryň möhüm orny barada aýtdylar. Şeýle hem...
AŞGABATDA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-GAZAK TOPARYNYŇ NOBATDAN DAŞARY MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabatda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdan daşary mejlisi boldy. Oňa Türkmenistanyň iri ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Gazagystan Respublikasynyň ýurdumyza gelen Premýer-ministri Askar Mamin gatnaşdylar. Duşuşygyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar soňky ýyllarda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä we sazlaşykly ösüşe eýedigini hem-de hyzmat...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAZAGYSTANYŇ PREMÝER-MINISTRI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRDI
2020-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Maminiň arasynda duşuşyk geçirildi. Milli Liderimiz myhman bilen salamlaşyp, Gazagystan Respublikasynyň ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. Biz geçen ýyllaryň dowamynda ýola goýlan, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklara sarpa goýýarys hem-de olary ikitar...
DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY TÜRKMEN-SAUD GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary syýasat edaralarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geňeşmeler geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Feýsal Bin Farhan Al-Saud ýolbaşçylyk etdiler. Söhbetdeşligiň başynda diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derwaýys meselelerini, şonuň ýaly-da halkara we sebit ähmiýetli wajyp ugurlary ara alyp maslaha...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPONIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINI GUTLADY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Suga Ýosihide Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. «Siziň ýolbaşçylygyňyzda Ýaponiýanyň syýasy we durmuş-ykdysady ösüşlerde täze sepgitlere ýetjekdigine, şeýle hem halkara giňişlikde öz at-abraýyny has-da berkitjekdigine ynanýaryn” diýip, milli Liderimiz öz hatynda nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti biziň döwletlerimiziň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşykl...
TÜRKMENISTANYŇ KONSULY ASTRAHAN DÖWLET ARHITEKTURA-GURLUŞYK UNIWERSITETINDE DUŞUŞYK GEÇIRDI
Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsuly Güýç Garaýew Astrahan döwlet arhitektura-gurluşyk uniwersitetine (ADAGU) bardy. Söhbetdeşligiň başynda bu ýokary okuw mekdebiniň rektory Tatýana Zolina şu ýyl bellenilýän Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini almagynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Konsul G. Garaýew...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Mejlisleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda göni aragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky duşuşygyň çäklerinde köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýy we geljekki ösüş ugurlary barada netijeli pikir alyşmalar boldy. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge iki doganlyk ýurduň özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, türkmen-türk gatnaşyklarynyň okgunly ösüşine oňyn täsir edýän...