SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň baş ugruny durmuşa geçirmegiň, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işlerini alyp barmagyň, öňdäki möhüm şanly senelere taýýarlygyň, şeýle hem şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaş...
MILLI LIDERIMIZ WELOSIPEDLI GEZELENÇ ETDI HEM-DE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AHALTEKE ATÇYLYK TOPLUMYNA BARDY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç güni säher bilen dag eteklerinde welosipedli gezelenç etdi we ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy. Sagdyn durmuş ýörelgelerini we halkymyzyň saglygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde yglan eden milli Liderimiziň bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirip hem sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, watandaşlarymyza şahsy görelde görkezýändigi hemmelere mälimdir. Ine, şu gün hem milli Liderimiz adaty endigine eýerip, dag etek...
RESMI HABAR
“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem zawodlar toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna önümçilikde zerur bolan sorujy enjamy we dürli görnüşli sorujy enjam...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Howa kodeksine, Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksine, “Awtomobil ulagy hakyndaky”, “Demir ýol ulagy hakyndaky” we “Ätiýaçlandyryş hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, hökmany döwlet ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek hem-de ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylaryny, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalaryny we demir ýol ulaglarynyň işgärlerini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çek...
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYK, ENERGETIKA WE JEMAGAT HOJALYGY IŞGÄRLERINE
Hormatly gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleri! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bütin ýurdumyzda giňden bellenýän Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyzlyk ýyllarynda ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrülen ata Watanymyzda dürli maksatly desgalaryň we binalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda kämil maddy-enjamlaýyn binýatly, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýerli husu...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, az kükürtli ýangyç mazudy we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Özbegistanly işewürler şeýle hem ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar. Mundan b...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNDA PARAHATÇYLYGY DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA HEREKETLERI GOLDAÝAR
2020-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde 30-a golaý ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, halkara guramalaryň hem-de “Talyban” hereketiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda owganara gepleşikleri başlandy. Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň baştutanlygynda gepleşikleriň açylyş dabarasyna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy duşuşykda çykyş edip, Türkmenistany...