RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Mohammad Aşraf Ganini Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli gutlady. Milli Liderimiz gutlagynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky özara hormat goýmagyň, ynamyň hem-de ýakyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesine esaslanýan däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigin...

DOWAMY
pic
23 Mar

Milli Liderimiz ýazky köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna badalga berdi

Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasy geçirildi. Bag ekmek dabarasy bahar paslynda tebigatyň aýratyn sahawatly häsiýete eýe bolýandygy, gülläp ösüşi, mähriban topraga söýgini özünde jemleýän ruhy däplere we gymmatlyklara ygrarlylygy alamatlandyrýan Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe bagyşlandy. Tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Milli hem-de ählumumy mö...

DOWAMY
pic
23 Mar

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 60-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Şotlandiýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini hem-de nebit ýol bitumyny, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň dizel ýangyjyny satyn aldylar. Russiýanyň we BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň polipropilenini satyn ald...

DOWAMY
pic
22 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti RF-nyň daşary işler ministrine gutlag hatyny iberdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Milli Liderimiz Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysynyň ýokary hünär ussatlygyny hem-de uly syýasy tejribesini belläp, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin çuňňur minnetdarlyk, şeýle hem özara düşünişmegiň we ynamyň köpýyllyk ýör...

DOWAMY
pic
21 Mar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna

Hormatly adamlar! Eziz watandaşlar! Biz ýurdumyzda 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz baýramyny giňden belläp geçýäris. Dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramy umumadamzat medeni ösüşinde aýratyn orny eýeleýär. Bu baýram tebigatyň jümle-jahana täzelenişi paýlaýan bahar paslynda dünýä bileleşigi tarapyndan giňden bellenýär. Asyrlaryň dowamynda özboluşly däp-dessurlary özüne siňdiren Nowruz baýramy biziň döwrümizde täze many-mazmun bilen has-da baýlaşdyr...

DOWAMY
pic
21 Mar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamynyň edaralarynda geçirilýän işler h...

DOWAMY
pic
21 Mar

Nemes operasy we rus romantizmi: Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň täze konserti

18-nji martda Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň konserti boldy, onda Karl fon Weberiň we Pýotr Çaýkowskiniň eserleri ýerine ýetirildi. Resul Gylyjow diňe bir kompozitoryň döredijiliginde däl, eýsem 19 asyryň birinji ýarymynda Karl Mariýa fon Weberiň ýewropa medeniýetinde hem meşhurlyk gazanan «Erkin mergen» romatiki operasynyň taryhy barada gürrüň berdi. Operanyň 1821-nji ýylyň 18-nji iýunynda bolan premýerasy tom...

DOWAMY