RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Mar

Döwlet muzeýinde açylan sergi Halkara Nowruz gününe bagyşlandy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara Nowruz gününe bagyşlanan sergi açyldy. Gündogarda gadymy döwürden bäri baharda gije-gündiziň deňleşýän wagtyna gabat gelýän Nowruz 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda ÝuNESKO-nyň Adamzadyň madddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylyň 23-nji fewralynda bolsa BMG-nyň Baş Assambleýasynyň kabul eden «Halkara Nowruz güni» rezolýusiýasyna laýyklykda Nowruz halkara güni diýlip yglan edilip, onuň taryhyny öwrenmegiň,...

DOWAMY
pic
20 Mar

“TÜRKMENISTANDA TÜRKMEN MILLI HALYÇYLYK SUNGATYNYŇ” ADAMZADYŇ MADDY DÄL MEDENI MIRASYNYŇ GÖRNÜKLI SANAWYNA GIRIZILENDIGI HAKYNDAKY ŞAHADATNAMA

Şu gün “Türkmenistanda türkmen milli halyçylyk sungatynyň” Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilendigi hakyndaky Şahadatnamanyň asyl nusgasy Türkmenistana gelip gowuşdy. 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky Hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda “Türkmenistanda türkmen milli halyçylyk sungatyny” Adamzadyň maddy däl...

DOWAMY
pic
19 Mar

Türkmenistan doganlyk Eýrana ynsanperwerlik kömegini berýar

Hoşniýetli goňşuçylygyň asyl däplerine we ýokary adamkärçilik gymmatlyklaryna ygrarly bolmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, doganlyk ýurduň çäginde täze koronawirus ýokanç keseli tarapyndan ýüze çykarylan ýiti respirator keselleriniň ýaýramagy bilen baglylykda Eýran Yslam Respublikasyna gaýragoýulmasyz serişdelerden, şol sanda lukmançylyk esbaplaryndan ybarat bolan ynsanperwerlik kömegi berildi.

DOWAMY
pic
19 Mar

Wiolençelçi Alekseý Wasilýew bilen pianinoçy Wladimir Mkrtumow çykyşyny Beýik Ýeňşe bagyşladylar

Magtymguly Milli sazly drama teatrynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýylygyna bagyşlanan kamera saazlarynyň konserti boldy. Onda Russiýanyň at gazanan artisti, Sankt-Peterburg konserwatoriýasynyň rektory, wiolençelçi Alekseý Wasilýew bilen Türkmenistanyň at gazanan artisti, pianinoçy Wladimir Mkrtumow çykyş etdiler. Konsertiň başynda çalnan Lýudwig Wan Bethoweniň Wiolençel we fortepiano üçin 4-nji sonatasynyň näzik melodiki palitrasy diňleýjilere durmuş gözelligi we şatlyk duýg...

DOWAMY
pic
19 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdelerini we resminama dolanyşygyny sanlylaşdyrmak boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň medeniýet we habar beriş syýasaty meselelerine gözegçilik edýän orunbasary B.Abdyýewanyň hem-de ulag we kommunikasiýa ulgamynyň işleriniň utgaşdyrylmagyna gözegçilik edýän orunbasary B.Öwezowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda «Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň barşyna garaldy, resminama dolanyşygynyň e...

DOWAMY
pic
19 Mar

Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, dost-doganlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly bolan Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň köptaraply gatnaşyklarynyň häzirki derejesine kanagatlanma bildirdiler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna ýetip gelýän Bahar...

DOWAMY
pic
18 Mar

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur

Şu gün paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisiniň we maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Däp bolşy ýaly, giň gerimli gözden geçiriliş bu iri jemgyýetçilik düzüminiň döredilen gününe gabatlanyldy. Ol özüne milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän hususy işewürligiň wekilleriniň 24 müňden gowragyny birleşdirýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralan gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna hök...

DOWAMY