img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

2024-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde tagallalary utgaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda ÝHHG ýaly iri hal...

DOWAMY
pic
5 Mar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi we duşuşyk geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi. Gahryman Arkadagymyz sergi bilen tanyşlygy Owganystanyň gurluşykda we bezeg işlerinde ulanylýan daşlary gazyp alýan kompaniýasyna degişli diwarlyklary synlamakdan başlady. Bu ugurda, türkmen tarapynyň Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna owgan kompaniýalarynyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meselelere gara...

DOWAMY
pic
5 Mar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde owgan wekiliýeti bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Söwda we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistana gelen wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmek bilen baglanyşykly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, owgan wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijelerine, şol sanda sa...

DOWAMY
pic
5 Mar

Saud Arabystany Patyşalygynyň Maýa goýum ministriniň orunbasary bilen geçirilen duşuşyk barada

2024-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Maýa goýum ministriniň Maýadarlar bilen aragatnaşyk saklamak boýunça orunbasary Badr Al-Badryň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde durýan wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda, iki döwletiň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Döwlet...

DOWAMY
pic
4 Mar

Türkmenistanyň suw meselelerini deň derejede çözmäge ygrarlylygy

2024-nji ýylyň 4-nji martynda Aşgabatda türkmen-owgan işewürlik forumy geçirildi. Onuň çäklerinde suw çeşmelerini, şol sanda serhetüsti suwlary ulanmaklyk esasy mesele bolup durýan agrosenagat toplumy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, sebitiň suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak boýunça taraplaryň esasy çemeleşmeleri we ýörelgeleri beýan edildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň sebitdäki ähli döwletleriň bähbitlerini suw dolandyryş meselel...

DOWAMY
pic
12 Ýan

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Er-Riýadda Dag magdany boýunça üçünji forumyna gatnaşmagy

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 9-11-nji ýanwary aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şaherinde geçirilen Dag magdany boýunça üçünji halkara sergi-maslahatynyň işine gatnaşdy. Çäräniň çäklerinde Türkmen wekiliýeti ministrler derejesinde geçirilen tegelek stoluna we dürli mowzuklaýyn mejlisleriň işine işjeň gatnaşdy. Mejlislerde dag magdan önümçiliginiň gelejegi hem-de önümçiligiň tebigata...

DOWAMY
pic
24 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ SAUD ARABYSTANYNA SAPARY

2023-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň çäklerinde Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri geçirildi. Saud tarapynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Walid El Hereýji ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsan...

DOWAMY