Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 10-12-nji marty aralygynda Awstriýada iş sapary bilen bolýar.
Saparyň çäklerinde Awstriýanyň hökümetinde, degişli ministrliklerinde we pudak edaralarynda, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, söwda-ykdysady gurluşlary we işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.
Meýilleşdirilýän duşuşyklaryň gün tertibinde döwletara gepleşikleri güýçlendirmek, syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şeýle hem ylmy we bilim pudagynda gatnaşyklary giňeltmek bilen baglanyşykly meselelere üns beriler.