SOŇKY HABARLAR
Milli Liderimiziň baş şygary: «Döwlet adam üçindir!»
Şu gün, 12-nji fewralda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanylmagyna üç ýyl dolýar. Türkmenistanlylaryň millionlarçasy ýurdumyzyň täze taryhynyň bu möhüm syýasy wakasyna gatnaşyp, geçirilen saýlawlarda milli Liderimize seslerini berdiler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň geçirýän giň gerimli özgertmelerini goldadylar. Bu çözgütde jemgyýetimiziň bir bitewi jebisligi, halkymyzyň döwlet Baştutanymyza ynamy hem-de täze üstünliklere we sepgitlere...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-RUMYN KONSULLYK GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-rumyn konsullyk geňeşmeleri geçirildi, oňa gatnaşmak maksady bilen Rumyniýanyň DIM-niň Konsullyk departamentiniň Baş direktory Muntean Walentin Çiprianyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Rumyniýanyň degişli edaralarynyň arasynda tejribe alyşmak bilen birlikde konsullyk hyzmatlaryny bermek prosesiniň kämilleşdirilmegi bilen bagly bolan meseleleriň birnäçe...
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Gurluşyk we elektroenergetika
2019-njy ýylda köp sanly desgalaryň ulanmaga berilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli syýasatynyň ajaýyp miwesidir, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň kuwwatynyň barha artýandygynyň subutnamasydyr. Ýokary maýa goýum işjeňligi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegi üçin amatly şertleri döredýär. Bu gün gurluşyk toplumy ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, döwrebap ulag we durmuş düzümini, daşary ýurtlardan getirilýän haryt...
Agyr atletikaçylaryň saýlama ýaryşlary
2020-nji ýylyň 8 — 12-nji fewraly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde agyr atletika boýunça 6-njy halkara raýdaşlyk çempionaty («Tokio 2020» Tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş) geçirilýär. Bu ýaryşlara 37 döwletden türgenler gatnaşýar. Türkmenistanyň ýygyndy toparynda bu ýaryşlarda 8 türgen çykyş edýär. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Ýulduz Jumabaýewa üstünlikli çykyş etdi. Ol 49 kilogram agram derejesinde çykyş edip, 72...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gyzdyrylan nebit koksunyň uly möçberini, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür topa...
MARYDA SEBITLEÝIN INFRASTRUKTURALARYŇ HOWPSUZLYGYNYŇ ÜPJÜN EDILMEGI BOÝUNÇA SEMINARY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 10-njy fewralynda Mary şäherinde Owganystan boýunça hyzmatdaşlygyň «Stambul prosessiniň» çäklerinde sebitleýin infrastrukturalaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça bilelikdäki türkmen-owgan seminary öz işine başlady. Bu çärä Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler, içeri işler, goranmak, energetika ministrlikleriniň wekilleri we nebitgaz pudagynyň hünärmenleri, şeýle-de «Stambul prosessine» gatnaşyjy ýurtlaryň ygtyýarly wekilleri gatnaşýarlar. Semin...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýoluny geçdi
Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň özboluşly belent gerişlerinden çekilen Saglyk ýoluny geçdi. Munuň özi milli jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde döwlet Baştutanymyzyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak babatdaky nusgalyk göreldesiniň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Halkymyzyň abadançylygy, onuň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, beden we ruhy taýdan sagdyn, berk bedenli ýaş nesli kemala getirmek baradaky hemmetaraplaý...