SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ TÄZE ILÇISI AKKREDITIRLENDI
2020-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Diego Ruiz Alonso bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda, Ilçini jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy ähli ulgamlarda bilelikde hereket etmäge hem-de Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasyny goldamaga taýýardygyny beýan edildi. Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň özara hyzmatdaşly...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň 2019-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň we aýry-aýry ministrleriň hasabatlary diňlenildi. Mejlisiň barşynda ýerine ýetirilen işlere baha berildi, şu ýylda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi hem-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi. Mejli...
Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy
Şu gün paýtagtymyzda Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň ikinji duşuşygy tamamlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça geçirilen çäre Daşary işler ministrligi, Hazar deňzi instituty hem-de Bilim ministrligi tarapyndan guralyp, oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa...
Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy
Şu gün paýtagtymyzda Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky duşuşygy tamamlandy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen Daşary işler ministrligi, Ykdysadyýet we maliýe ministrligi hem-de Hazar deňzi instituty tarapyndan guraldy. Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň hem-de ugurdaş düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagyndaky duşuşygyň gün tertibinde Hazar deňzinde biologik serişdeleriniň bikanun...
Türkmenistanyň Prezidenti «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýanyň iri energetika kompaniýasynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge hem-de özara bähbitli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli ga...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HAZAR DEŇZINDE YLMY-BARLAGLARY GEÇIRMEK HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ TASLAMASY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLÝAR
2020-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň DIM-de hazarýaka döwletleriniň bilermenleriniň «Hazar deňzinde ylmy-barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça ikinji duşuşygy öz işine başlady. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Hazar deňzi institutynyň wekilleri, şeýle-de Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagyst...
GRUZIÝADA TÜRKMENISTANYŇ OŇAÝLY MAÝA GOÝUM ŞERTLERINE BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 5-nji fewralynda Tbiliside Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy «CBA Kaizen» kompaniýasy bilen bilelikde 2020-nji «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna utgaşdyrylyp, Türkmenistanyň oňaýly maýa goýum şertlerine bagyşlanan maslahat geçirdi. Maslahata Gruziýadaky diplomatik missiýalaryň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň wekilleri, ekspertler, maýa goýumdarlar, bank ulgamynyň, ulag, logistika we ekspeditorlyk kompani...