SOŇKY HABARLAR
Paýtagtymyzyň demirgazygynda döwrebap awtoklaster kemala gelýär
Paýtagtymyzyň demirgazygynda gurulýan awtoulag kärhanalary toplumynda üç müňe golaý awtomobil ýerleşer. Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň tabşyrygy bilen Aşgabat-Daşoguz ýolunyň ugrunda Aşgabat halkara awtoterminalynyň golaýynda şäher we şäherara ýolagçylar ulaglaryny saklamak, olara tehniki taýdan hyzmat etmek hem-de abatlamak boýunça klaster, şeýle hem okuw-türgenleşik merkezli awtomekdepler Birleşigi döredilýär. Gurluşygyň potratçysy...
Türkmenistanyň DIM-nde BMG bilen bilelikdäki maksatnama gol çekişlik dabarasy geçirildi
Şu gün, 2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda “Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly BMG bilen bilelikdäki maksatnama gol çekişlik dabarasy geçirildi. Türkmen tarapyndan resminama Daşary işler ministri Raşid Meredow gol çekdi. BMG tarapyndan agzalan resminama BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa gol çekdi. Bu taslamada durmuş hyzmatlary ulgamyny kämilleşdirmek we bu ugurda BMG...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ HER ÝYLKY DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň her ýylky duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar sebitdäki hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, halkara guramalarynyň çäginde hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşd...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Irlandiýa, Pakistan, Eýran, Ermenistan we Gyrgyzystan döwletlerinden gelen telekeçilere daşary ýurt walýutasyna nah ýüplük, ownuk mallaryň göni ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 3 million 491...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumyna we Olimpiýa şäherjigine bardy
Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumynda bolup, Şapolat atly bedewi bilen didarlaşdy Hormatly Prezidentimiz ajaýyp bedewi bilen birsellem gezim etdi we bedewi eýerläp, çapuw ýodasyna çykdy. Milli Liderimiz bu ýerde bedewi öz erkine goýberdi we ony gorgunyna çapdy. Milli we dünýä medeniýetiniň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy bolan behişdi bedewler tebigy gözelligi hem-de ajaýyplygy, wepadarlygy, örän ösen üşügi bilen tapawutlanýar. Halkymyz bedewler bilen b...
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerine
Hormatly nebitçiler, gazçylar we geologlar! Siziň ähliňizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda uly dabara bilen bellenýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadançylyk, mähriban Watanymyzyň milli ykdysadyýetini pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin! Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudakl...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «ITALIÝA WE MERKEZI AZIÝA: ÖZARA DÜŞÜNIŞMEGI, HYZMATDAŞLYGY WE ARKALAŞYGY BERKITMEK» ATLY HALKARA MASLAHATYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 13-nji dekabrynda Italiýanyň Rim şäherinde «Italiýa we Merkezi Aziýa: özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy we arkalaşygy berkitmek» atly halkara maslahaty geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti gatnaşdy. Bu «Italiýa we Merkezi Aziýa» formatyndaky ilkinji duşuşyk bolup, ol sebitiň ýurtlarynyň we Italiýanyň hyzmatdaşlygynyň ugurlarynyň we ýollarynyň kesgitlenilmegi üçin giň mümkinçilikleri döreder. Maslahatyň barşynda oňa...