SOŇKY HABARLAR
Ýurdumyzda halkara bilim we sport forumy geçiriler
Ýurdumyzda şy ýylyň 9-10-njy noýabrynda “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly Halkara sergisi hem-de ylmy maslahaty geçiriler. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu halkara sergisine hem-de ylmy maslahatyna Ýurdumyzda işleýän halkara guramalarynyň, bilim ulgamynda dünýä belli kompýuter we interaktiw tehnikasyny, lingafon enjamlaryny, mekdep mebellerini, okuw-görkezme esbaplaryny, barlaghana enjamlaryny öndürýän hem-de olar...
Türkmenistan bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça Ähtnama gol çeker
Türkmenistan bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNCTAD) arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça Ähtnama gol çeker. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde taslamany makullap, degişli Buýruga gol çekdi. Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen strategiki hyzmatdaşlyga ygrarly bolmak bilen, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary yzygerli ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, UNCTAD bilen netijeli gatnaşyklara aýratyn üns...
Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň we daşary ýurtly raýatlaryň günäsini geçmek barada Permana gol çekildi
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden bo...
BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MERKEZINIŇ 10 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN LEKSIÝALAR
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziniň Aşgabatda açylmagynyň 10 ýyllygynyň bellenilmeginiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaş hünärmenler üçin ýörite leksiýalar kursyny geçirip başlady. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik edaralarynyň we wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bu leksiýalar bilen çykyş ederler. Leksiýalaryň dowamynda talyplaryň we diňleýjileriň ünsleri öňün...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GATNAŞMAGYNDA GURLUP ULANMAGA BERILÝÄN KOTTEŽLER TOPLUMYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY BOLDY
2017-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda şäheri ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlup ulanmaga berilýän kottežler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Seýdi we Mollanepes köçeleriniň ugrunda 208 sany 2 gatly bir maşgala niýetlenen kottežler we 16 sany 3 we 4 gatly kottež görnüşli 4 we 6 öýli uly giňişlikdäki ýaşaýyş jaýlar Aşgabadyň günorta-günbatarynda emele geldi. Kottežler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň seriş...
Gurbanguly Berdimuhamedow: Bereket lokomotiw deposy sebitiň döwletleriniň pars aýlagynyň portlaryna çykmagyna ýardam berer
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen demirýolçularyny lokomotiw deposynyň ulanmaga berilmegi bilen gutlady. Onda şeýle diýilýär: Döwlet we halkara ähmiýetli demir ýollaryň, inženerçilik we dolandyryş desgalarynyň gurluşyklarynda siziň gazanan üstünlikleriňiz, çekýän halal we tutanýerli zähmetiňiz eziz Diýarymyzyň ynamly ösüşine, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, halk hojalygynyň beýleki ulgamlarynyň pugtalanmagyna uly goşant goşýar. Häzirki döwürde zähmetsöýer halk...
Talyplar ýygyndy toparymyzyň agzalary Ariel matematika olimpiadasynda dürli derejeli medallary eýelediler
Türkmen talyplary Ysraýylyň Ariel şäheriniň uniwersitetinde geçirilen matematika boýunça 10-njy Açyk halkara olimpiadasynda medallaryň dürli derejeli medallary eýelediler. Abraýly intellektual bäsleşige 25 topar gatnaşdy,olaryň hatarynda Gruziýadan, Bolgariýadan, Sloweniýadan, Rumynyýadan, Russiýadan, Polşadan, Ysraýyldan we Türkmenistandan ýüze golaý talyp gatnaşdy. 2008-nji ýyldan bäri şu olimpiada gatnaşyp gelýän ýurdumyza şu olimpiadada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti...