Türkmenistanyň we Yragyň döwlet energetika düzümleri türkmen gazyny ibermek hakynda Ähtnama gol çekdiler

Şunuň bilen bagly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin habarynda, hususan-da, döwlet ministriniň — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň şu ýylyň 5 — 8-nji oktýabry aralygynda Bagdat şäherinde gulluk iş saparynda bolandygy bellenilýär.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudani tarapyndan kabul edildi. Duşuşykda Yrak Hökümetiniň ýolbaşçysy öz ýurdunyň Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine taýýardygyny belledi. Şol gatnaşyklarda energetika ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolar.

Premýer-ministr Al Sudani baý uglewodorod serişdeleriniň bardygyna garamazdan, milli ykdysadyýetiniň we ilatynyň gaza hem-de elektrik energiýasyna barha artýan islegleriniň Yraga gazyň daşary ýurtlardan iberilişiniň möçberiniň artdyrylmagynyň zerurdygyny şertlendirýändigini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ol iki ýurduň döwlet energetika düzümleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklary mübärekledi we olaryň iş ýüzünde tizden durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.

Yragyň Hökümetiniň Baştutany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur hormatyny we salamyny ýetirmegi haýyş etdi. Şeýle hem Yrak Respublikasynyň Prezidentiniň ýakyn wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen barmaga taýýardygy bellenildi.

Türkmen wekiliýeti elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadel bilen giňişleýin gepleşikleri geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda netijeli ýagdaýda türkmen tebigy gazyny Yraga ibermegi guramak bilen baglanyşykly meseleleriň toplumyna garaldy. Hususan-da, yrakly hyzmatdaşlar Türkmenistandan Yraga gazy goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň çäklerinden swap usulynda almaga gyzyklanma bildirdiler. Şunda yrak tarapy türkmen gazyny her ýylda 10 milliard kub metre golaý möçberde kabul etmäge taýýardyr. Bulardan başga-da, taraplar gaz pudagynda geljekde bilelikde işlemegiň hukuk, täjirçilik, maliýe, guramaçylyk şertlerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Yrak Respublikasynyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Taraplar şu ýyl Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023” atly halkara serginiň we maslahatyň çäklerinde gepleşikleri dowam etdirmegi ylalaşdylar.

Bitarap Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda açyk hem-de öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty alyp barýar. Şunda ýurdumyz giň gerimli, uzak möhletli milli maksatnamalary durmuşa geçirmek ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şol maksatnamalar döwlet gurluşynyň esaslaryny pugtalandyrmaga, köppudakly ykdysady ulgamy döretmäge, möhüm durmuş wezipelerini çözmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Yzygiderli we netijeli içerki ösüşiň şunuň ýaly möhüm ugurlarynyň biri has oňaýly daşarky şertleri döretmekden ybaratdyr. Şeýle şertleriň kemala getirilmegi Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyndaky ýörelgelere we kadalara esaslanan parasatly, oýlanyşykly, öňdengörüjilikli daşary syýasat ýörelgesiniň netijesinde amala aşyrylýar. Şolaryň hatarynda döwletleriň birek-birege özara hormat goýmagy we deňhukuklylygy esasy orun eýeleýär.

Şu möhüm düzgünlere daýanyp, Bitarap türkmen döwleti Milletler Bileleşigine agza bolmagynyň 30 ýyldan gowrak döwrüniň içinde halkara gatnaşyklaryň tutuş ulgamynyň ösdürilmegine, häzirki wagtda ählumumy gün tertibiniň öňünde durýan giň gerimli meseleler boýunça BMG-niň çözgütlerini işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge uly goşant goşdy. Şeýle ugurlaryň biri energetika durnuklylygydyr we howpsuzlygydyr, halkara energetika hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmekdir.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen häzirki tapgyrda halkara energetika hyzmatdaşlygynyň düýbünden täze konsepsiýasynyň döredilendigini aýratyn nygtamak gerek. Onuň düýp maksady deň hukuklary we mümkinçilikleri üpjün etmekden, şeýle hem öndürijileriň, üstaşyr iberijileriň, dünýä bazarlarynda energiýany sarp edijileriň bähbitlerini berjaý etmekden ybaratdyr. Bu strategiýany durmuşa geçirip, BMG, onuň üsti bilen Baş Assambleýa iki gezek — 2008-nji ýylyň dekabrynda we 2013-nji ýylyň maýynda «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Kararnamalary biragyzdan kabul etdi.

Energetika ulgamynda köptaraply hyzmatdaşlygy giňeltmäge tarap ugruny yzygiderli dowam etdirip, şu ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ileri tutýan ýörelgelerinden ugur alyp, “Üznüksiz, durnukly we ygtybarly energiýa mobilligi we onuň durnukly ösüşi üpjün etmekdäki aýratyn orny” atly täze Kararnamany kabul etmek mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Kararnamanyň taslamasy 2025-nji ýylda Türkmenistanda “Durnukly energetika hemmeler üçin” atly halkara maslahaty geçirmek mümkinçiligini göz öňünde tutýar. Bu başlangyçlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň hem-de syýasatynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigini aýdyň görkezýär.

Türkmenistanyň energetika pudagynda halkara ähmiýetli teklipleri dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilen çözgütlerde beýanyny tapyp, birnäçe iri energetika taslamalarynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagynda mynasyp dowam etdirilýär. Şol taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Hytaý, Türkmenistan — Eýran iri gaz geçirijilerini, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini, Türkmenistandan Eýrana hem-de owgan tarapynda Pakistana çykalgasy bolan ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlaryny görkezmek gerek. Şu we beýleki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Ýewraziýa yklymynyň dürli sebitlerine Türkmenistanyň energetika serişdeleriniň iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak ýörelgesine esaslanýar. Şunda daşary döwletler we kompaniýalar bilen bilelikde köp ýyllaryň dowamynda işlenilmegi netijesinde, ýurdumyzyň özüni özara ynanyşmak, hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk we açyklyk ýörelgeleri esasynda iş alyp barýan jogapkärli hem-de ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezendigini nygtamak zerurdyr. Häzir Türkmenistan hut şeýle ýörelgelere esaslanyp, halkara energetika hyzmatdaşlygynyň çäklerini giňeldýär.

Türkmen tarapy geljegi uly, täze hyzmatdaşlaryň hatarynda Uzak, Orta we Ýakyn Gündogar, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň birnäçesi bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine garaýar. Şol döwletler energetika babatda Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklara uly gyzyklanma bildirýärler we ýokary derejede tekliplerini hödürleýärler. Şeýle döwletleriň hatarynda Yrak Respublikasy hem bar.

Mälim bolşy ýaly, Yragyň energetika toplumynyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylaryndan we hünärmenlerinden ybarat bolan ýokary derejeli wekiliýet 2023-nji ýylyň awgust aýynda Aşgabatda bolup, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň, hususan-da, gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça gepleşikleri geçirdi. Türkmen wekiliýetiniň Yraga şu gezekki sapary bolsa ikitaraplaýyn energetika gepleşikleriniň dowamyna öwrüldi.

Ýokarda beýan edilenlerden ugur alyp, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlykda oňyn tejribesine daýanyp, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna uly mümkinçilikleri bolan köp sanly hyzmatdaşlara eýe bolmak bilen, Türkmenistanyň öz energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilişini mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasatyny pugta we yzygiderli alyp barjakdygyny bellemek gerek. Şol syýasat milli gaz senagatynyň ösdürilmegini, köpugurly turbageçirijiler düzümleriniň giňeldilmegini, halkara düzgünler hem-de gaz pudagynda iş alyp barmak esasynda gyzyklanma bildirýän taraplara we kompaniýalara türkmen tebigy gazynyň ýerlenilmegini özünde jemleýär.