Döwrebap tehnologiýalar — importuň ornuny tutýan önümçiligiň ösüş binýady

Şu gün paýtagtymyzyň “Çandybil” söwda merkezinde Importyň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady, ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän sergi importyň ornuny tutýan önümler babatda ýurdumyzyň bazarynyň üstünlikleri we mümkinçilikleri, şeýle hem senagat enjamlaryny öndürýän, türkmen hyzmatdaşlary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly önüm öndürijileriň öňdebaryjy tejribesi we innowasion işleri bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. 

Şeýle çäreler dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleriniň biziň ýurdumyz bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak we berkitmek mümkinçilikleri bilen özüne çekýär. Häzir ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän özgertmeleri netijesinde köp pudaklarda, şol sanda gaýtadan işleýän senagatda uly ösüşlere eýe bolýar. 

Döwlet-hususy hyzmatdaşlyga Türkmenistanyň önümçilik kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň ösüşiň innowasion ýoluna düşmeginde, senagatyň täze ugurlaryny höweslendirmegiň hasabyna pudagy ösdürmekde möhüm orun berilýär. Ýurdumyzyň haryt öndürijilerine ýardam etmek boýunça geçirýän netijeli işiniň durmuşa geçirilmegi netijesinde ähli ýerlerde importyň ornuny tutýan harytlary, gurluşyk serişdelerini, dokma, mineral önümleri, durmuşda ulanylýan himiýa önümlerini, mebelleri, azyk önümlerini çykarýan kärhanalar açylýar. 

Ýurdumyzda geçirilýän köp sanly ykdysady sergiler, daşary ýurtlarda guralýan türkmen sergileri halkara hil we ekologiýa howpsuzlygy güwänamalaryna eýe bolan önümleriň dürli görnüşleri bilen tanyşdyrýar. “Türkmenistanda öndürildi” diýen belgili önümler tutuş dünýäde tanalýan milli nyşana öwrülýär. 

Sergide öz önümlerini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem görkezýärler. Ýakynda birleşmäniň wekiliýeti Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk baradaky hökümetara türkmen-müsür toparynyň ikinji mejlisine hem-de onuň çäklerinde ilkinji gezek guralan işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin Kairde boldy. Serginiň çäklerinde TDH-nyň habarçysyna beren gürrüňinde TSTB-niň wekili milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça dostlukly ýurtdan bolan kärdeşleri bilen geçirilen gepleşiklerde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny hem-de ýurdumyzyň “Nurly Meýdan” kärhanasy bilen “One World” müsür kompaniýasynyň arasynda Özara gatnaşyklar hakynda ähtnama gol çekilendigini belledi. 

Sergi ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň üstünliklerini aýdyň görkezýär, şeýle hem myhmanlary dünýä belli kompaniýalaryň öňdebaryjy enjamlary bilen tanyşdyrýar. Olar importyň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly ýokary hilli önümleri öndürmek babatda mümkinçilikleri artdyrmak üçin tehnologik täzeliklerini teklip etmäge taýýardyr. 

Sergä gatnaşyjylaryň 90-a golaýynyň hatarynda ýurdumyzyň döwlet we telekeçiler düzümleri, Ýewropa we GDA ýurtlarynyň kompaniýalary öz mümkinçiliklerini görkezdiler. Serginiň açylyş dabarasyna dürli ministrlikleriň we edaralaryň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň işewürleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän giň gerimli özgertmeleri, halk hojalyk toplumynyň işine bazar gurallarynyň we ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy ykdysadyýetiň gülläp ösmegine getirdi. Hut milli Liderimiziň öňdengörüjiligi netijesinde ýurdumyzyň içeri we daşary söwdasynyň uly mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagy degişli düzümleriň — ulag, maliýe, telekommunikasiýalar, syýahatçylyk we beýleki düzümleriň ösmegine, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etdi. 

Serginiň agramly bölegi ýurdumyzyň işewürligini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine — önümçilige tehnologik täzelikleri ornaşdyrmagyň esasynda importyň ornuny tutýan senagat we oba hojalyk kärhanalaryny döretmäge bagyşlandy. Ekologiýa taýdan arassa ýerli çig malyň esasynda çaga iýmitiniň, gök we miwe goşundylarynyň, şireli suwlaryň, maýoneziň, doňdurmanyň, gaplanan önümleriň, balyk önümleriniň, ýogurtlaryň, şöhlatlaryň, dürli süýji-köke önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy. 

Sergi diwarlyklarynda oba hojalyk meýdanlarynda hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan obasenagat toplumynda importyň ornuny tutýan syýasatyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenen, sany ýylsaýyn artýan ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilen gök, bakja önümlerini, miweleri görmek bolýar. 

Sergä gelýänler türkmen dokma önümlerinden we ýüpek halylaryndan taýýarlanan ajaýyp sowgatlyklar bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe boldular. Bu ýerde ýurdumyzda öndürilýän polipropileniň esasynda çykarylýan plastikden hojalyk harytlarynyň we çaga oýnawaçlarynyň dürli görnüşlerini görmek bolýar. 

Daşary ýurtly sergä gatnaşyjylar çalt ösýän türkmen bazarynyň isleglerini nazara almak bilen, taýýar önümleri gaplamak boýunça tekliplerini taýýarladylar, şeýle hem paketleriň, şol sanda dürli önümler üçin niýetlenen plastik gaplary öndürýän enjamlaryň nusgalaryny görkezdiler. 

Importyň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisi ýurdumyzyň senagatynyň, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini çekmekde biziň bazarymyzyň uly mümkinçiliklerini görkezmek üçin netijeli meýdança öwrüldi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň möhüm şerti hökmünde kesgitlenildi. 

Serginiň çäklerinde resminamalara gol çekildi. Hususan-da, ösümlik ýagyny öndürýän zawodlaryň gurluşygyna gatnaşýan “Gündogar Akymy” hojalyk jemgyýeti bilen «Syngenta Agro AG» şweýsar kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanda ösdürmek üçin günebakaryň tohumlaryny getirmek hakynda şertnama baglaşyldy. Şeýle hem «Agzybir Ojak» hojalyk jemgyýeti bilen «ERENSOY Gida Ve Ambalaj Makinalari San. Ve Tic. Ltd. Şti» we «EKTAM Makine San. Ve Tic. A.Ş.» türk kompaniýalarynyň arasynda çüýşe önümçiliginde ulanyljak enjamlary satyn almak we gurnamak, rafinirlenen ýagy awtomat usulda gaplamak enjamlaryny satyn almak we gurnamak boýunça şertnamalar baglaşyldy. 

Şeýle hem serginiň çäklerinde duşuşyklar geçirilip, olaryň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, haryt öndürijileriň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki kärhanalary döretmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Pudaklaýyn sergi öz işini 6-njy dekabrda tamamlar.