Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Egil Lewitse Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlagyny ýollady.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Latwiýa Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Latwiýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi arzuw etdi.