Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysynyň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda Garaşsyzlyk gününe we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşine, şeýle hem beýleki birnäçe meselelere garaldy.
Ýakyn wagtda ýurdumyzyň baş baýramçylygynyň — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygynyň hormatyna geçiriljek dabaralar, şeýle hem 25-nji sentýabrda paýtagtymyzda geçiriljek Halk Maslahaty jemgyýetiň we döwletiň durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalardyr.
Halk Maslahatynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm wezipeleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz ähli guramaçylyk meselelerini, gün tertibini hem-de ählihalk forumyna gatnaşyjylaryň garamagyna hödürleniljek resminamalary düýpli işläp taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarowa degişli ugurda jemgyýetçilik guramalary, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleri bilen bilelikde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işlerinde welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary aýratyn işjeňlik görkezýärler. Olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar we ilat arasynda ýygy-ýygydan bolup, kabul edilýän çözgütleriň, milli kanunçylygyň many-mazmunyny düşündirmek we wagyz etmek işlerini alyp barýarlar. Halk Maslahatynyň garamagyna hödürlemek üçin taýýarlanylýan meseleler deslapdan ara alnyp maslahatlaşylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halk Maslahatynyň işiniň demokratik, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugyň umumy ykrar edilen düzgünlerini ileri tutmak, adamyň hem-de raýatyň kanun öňündäki deňligi, adam hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlamak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak hem-de kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýörelgelerine esaslanýandygyny belledi.
Häzirki döwürde ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu gatnaşyklary kadalaşdyrmak meseleleriniň örän wajypdygyny aýtdy. Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde zerur bolan täze kanunçylyk namalarynyň işlenip taýýarlanylmagy, olarda dünýäniň ykdysady özgertmeleri nazara alnyp, taýýarlanylýan resminamalaryň hukuk esaslaryna möhüm üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutanymyz halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri esasynda döwlet edaralarynyň, Halk Maslahatynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň işini düzgünleşdirýän, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirýän kanunçylyk namalaryny yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň işiniň netijeli bolmagyny, olaryň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagyny, telekeçileriň başlangyçlarynyň goldanmagyny üpjün edýän işlere möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ähli düzümleriň işinde ýaşlar syýasatyna möhüm orun degişli bolmalydyr. Ýaşlary iş bilen üpjün etmek, olaryň dürli ugurlarda öňdebaryjy dünýä tejribesini, döwrebap sanly tehnologiýalary özleşdirmegi üçin zerur şertler döredilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatyna gelip gowuşýan teklipleri hasaba almagy, olary seljermegi we umumylaşdyrmagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz umumymilli forumy ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belläp, onuň guramaçylyk işine gatnaşýan düzümleriň sazlaşykly işlemegi bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysyna bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem Garaşsyzlyk baýramçylygyna we beýleki dabaralara görülýän taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýetip gelýän şanly seneleri mynasyp derejede garşylamak üçin zerur bolan çäreler görülýär, şäheriň etraplaryny abadanlaşdyrmak boýunça giň gerimli işler geçirilýär, seýilgäh zolaklarynyň we köçeleriň baýramçylyk bezeg aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilýär.
Şonuň bilen birlikde, paýtagtymyzyň ýyladyş ulgamyny gyş möwsümine öz wagtynda taýýarlamak bilen bagly meseleler çözülýär, munuň özi şäher ilatynyň durmuş üpjünçiliginiň yzygiderli gowulandyrylmagynyň möhüm şertini emele getirýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sentýabr aýynyň ýurdumyz üçin ähmiýetli bolan şanly wakalara baýdygyna ünsi çekip, şolaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginde degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň takyk utgaşdyrylmalydygyny tabşyrdy. Şäheriň ähli künjekleri toý lybasyna beslenmelidir, şunda, abadançylyk, arassaçylyk we bezeg işlerine aýratyn üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk çärelerine taýýarlyk işlerini 15-nji sentýabra çenli doly tamamlamagy tabşyryp, Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtynyň halkymyzyň milli ruhuna we türkmen toýlaryna mahsus derejede abadanlaşdyrylmalydygyny belledi. Munuň üçin bolsa bar bolan mümkinçilikleri, häzirki zaman tejribelerini we iň täzeçil tehnologiýalary ulanmak gerek diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary M.Meredowyň we «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary B.Amanowyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Wise-premýer M.Meredow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda işleriň ýagdaýy, nebitgaz senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, pudaga häzirki zaman dünýä tejribesini, sanly tehnologiýalary we innowasion usullary ornaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ýollaryny döretmegi netijeli dowam etmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek meseleleriniň wajypdygyny belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn esasda ösdürilmelidigine ünsi çekdi.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini, bu ulgamyň ösdürilmegine ägirt uly maýa serişdeleriniň gönükdirilýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz toplumyň pudaklarynyň döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagynyň, olaryň iş öndürijiligini artdyrmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň pes bolmagynda galýandygyny aýdyp, baş direktor Ý.Muhammetmyradowyň toplumyň iş netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur tagallalary etmändigini belledi. Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň geçen mejlisleriniň birinde toplumyň işiniň talabalaýyk ýola goýulmandygy üçin onuň baş direktoryna käýinç berendigini belledi. Şeýle-de bolsa, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda işleriň netijeliligi artmady.
Şunuň bilen baglylykda, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory Ý.Muhammetmyradow eýeleýän wezipesinden boşadyldy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesine B.Amanowy belläp, ony «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
B.Amanow bildirilen ýokary ynam üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda toplumyň ähli işgärleri bilen bilelikde zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktoryna üstünlikleri arzuw edip, onuň toplumyň işini köpugurly esasda ösdürmek, onuň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak wezipeleriniň çözgüdine jogapkärli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmeginiň möhümdigini aýtdy.
Häzirki döwürde nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Bu babatda ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna wajyp ornuň degişlidigini belläp, döwlet Baştutanymyz täze bellenilen ýolbaşça önümçiligi dolandyrmagyň täzeçil usullaryny peýdalanmagy tabşyrdy.
Nebiti we gazy gaýtadan işleýän önümçilik desgalarynyň netijeli ulanylmagyny gazanmak, bu ugurda önümçilige täze tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak möhümdir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda geçirilýän işiň derejesini döwrüň talabyna laýyk derejede üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer M.Meredowa we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory B.Amanowa ýüzlenip, nebiti gaýtadan işlemegiň netijesinde alynýan önümleriň möçberini artdyrmak, nebitgaz toplumyna sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak we eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere ylmy esasda çemeleşilmelidigini aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.