Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, öňde boljak baýramçylyk senelerine we şanly wakalara görülýän taýýarlyk bilen bagly meseleler girizildi.
Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, ilki bilen göni wideoaragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedowy çagyrdy. Ol welaýatda geçirilýän işler, oba hojalyk pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalar, güýzlük bugdaý ekişine we pagta ýygymy möwsümine guramaçylykly girişmek boýunça işlenip taýýarlanylan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň ýaşaýyş-durmuş düzümini kämilleşdirmek, gurulýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalar barada habar berildi.
Häkim sebitde täze okuw ýylynyň dabaraly ýagdaýda başlanandygyny belläp, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senelere we wakalara görülýän taýýarlyk işleri, olary guramaçylykly geçirmäge gönükdirilen maksatnama barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, güýzlük bugdaý ekişine oba hojalyk tehnikalaryny we tohumy degişli derejede taýýarlamagyň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmäge, daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen bol hasylyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagy ugrunda zerur çäreleriň görülmegine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz öňümizdäki şanly wakalar, ilkinji nobatda, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy barada durup geçip, baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň wajypdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine doly taýýarlamak, durmuş maksatly desgalarda degişli abatlaýyş işlerini öz wagtynda geçirmek meselelerini üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde gurluşyk işleriniň barşy bilen gyzyklanyp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi we sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň şu sebite gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjowy çagyrdy.
Wise-premýer häzirki döwürde welaýatda ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri çözmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalary we desgalary gurmak hakynda» gol çeken taryhy Karary esasynda, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallygyň nyşany hökmünde Ahal welaýatynyň ilatynyň şenbe güni toý-dabaralara beslenjek giň möçberli çäräni geçirmegi meýilleşdirendigi habar berildi.
Bellenilişi ýaly, sebitiň ýaşaýjylary üçin möhüm ähmiýeti bolan bu çözgüt şol ýerde täze giň möçberli özgertmelere badalga berilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Asylly däbe görä, bu işler ruhubelentlik we şatlyk ýagdaýynda geçiriljek medeni çäreler bilen utgaşdyrylar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda badalga berilýän asylly işlere halkymyzyň buýsanjynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.
Milli Liderimiz welaýaty hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly meseleleriň gözegçilikde saklanylmalydygyny belläp, ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede guralmalydygyna ünsi çekdi. Munuň özi degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň zerurlygyny şertlendirýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we wise-premýere hem-de häkime anyk görkezmeleri berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Häkim sebitdäki işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işlerine görülýän taýýarlyk, şeýle hem Oba milli maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň bilim ojaklarynda täze okuw ýylyna guramaçylykly girişilendigi hakynda habar berildi.
Bellenilişi ýaly, sebitiň ähli künjeklerinde Garaşsyzlyk gününiň baýramçylyk dabaralaryna beslemäge, şeýle hem welaýatyň wekilleriniň Halk Maslahatyna gatnaşmagyna degişli meseleler aýratyn üns merkezinde durýar. Şeýle hem durmuş maksatly desgalaryň gyş möwsümine taýýarlyk ýagdaýy barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pagta ýygymy möwsümini we güýzlük bugdaý ekişini agrotehniki kadalara laýyk derejede üstünlikli geçirmek üçin bar bolan mümkinçilikleri doly ulanmagyň möhümdigini belläp, bu jogapkärli möwsümleri hem-de welaýatda oba hojalygyny ösdürmek bilen bagly ähli meseleleriň toplumlaýyn çözülmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Bulardan başga-da, welaýatyň ýaşaýyş-durmuş düzüminiň, inženerçilik-tehniki ulgamlarynyň has-da döwrebaplaşdyrylmagyna, hususan-da, olaryň gyşky möwsüme taýýarlanylmagyna, umuman, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak wezipeleriniň çözülmegine toplumlaýyn çemeleşmäge aýratyn üns berilmelidir. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatyna hem-de Garaşsyzlyk gününe ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitde geçirilýän işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, pagta ýygymyna we güýzlük bugdaý ekişine guramaçylykly girişmäge görülýän taýýarlyk çäreleri, şeýle hem dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişine görä, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, bu ýerde hem bilim edaralarynda täze okuw ýylyna guramaçylykly girişildi. Häkim ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalara görülýän taýýarlyk, meýilleşdirilen köpçülikleýin medeni çäreleriň maksatnamasy barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumyndaky jogapkärli möwsümlere taýýarlyk görmegiň esasy ugurlary barada aýdyp, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmagyň, pagta ýygymyny we bugdaý ekişini amatly möhletlerde we ýokary hilli geçirmek üçin degişli düzümleriň utgaşykly işiniň ähmiýetini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda gurulýan desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamagyň möhümdigini belläp, ýurdumyzyň baş baýramçylygyna gabatlanyp ulanylmaga beriljek täze desgalarda we binalarda işleriň barşyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz şeýle hem häkime ýetip gelýän ählihalk baýramçylygyna — Garaşsyzlyk gününe we Halk Maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine taýýarlamaga degişli meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol sebitdäki işleriň ýagdaýy, hususan-da, pagta ýygymy möwsümine hem-de güýzlük bugdaý ekişine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Şeýle hem welaýatda täze okuw ýylyna ýokary guramaçylyk derejesinde başlanandygy, gurulýan desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegi, umumymilli baýramçylyklar mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler we welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalar barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygyna öňdebaryjy tejribäni, sanly tehnologiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmagyň ähmiýetine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, daýhanlaryň we ähli degişli düzümleriň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin oňaýly şertleri döretmek möhüm talap bolup durýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge degişli meseleleriň aýratyn ähmiýetini belläp, häkime öňümizdäki baýramçylyklara we şanly senelere ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işler, möwsümleýin oba hojalyk işlerine girişmäge görülýän taýýarlyk we Oba milli maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň ähli künjeklerinde täze okuw ýylynyň dabaraly başlanandygy barada habar berildi.
Hasabatda sebitde Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işlerine, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyny mynasyp garşylamaga aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, baýramçylyk dabaralarynyň medeni maksatnamasyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi dabaralaryň türkmen toýlaryna we milletimiziň baý ruhuna kybap derejede guralmagyny üpjün eder.
Häzirki döwürde welaýatyň oba hojalyk zähmetkeşleriniň öňünde möhüm möwsüm hasaplanylýan pagta ýygymyna we güýzlük bugdaý ekişine guramaçylykly girişmek ýaly jogapkärli wezipeleriň durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu işleriň toplumlaýyn esasda, agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem möwsümde işlediljek tehnikalaryň guratlyk derejesine, tohumlaryň we beýleki serişdeleriň hiline, «ak altyny» kabul etmekde pagta kabul ediş bölümleriň bökdençsiz işiniň ýola goýulmagyna aýratyn üns berilmelidir.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desgalaryň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek, aýratyn-da, Garaşsyzlyk gününiň hormatyna ulanylmaga beriljek desgalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak, ýyladyş ulgamlarynyň ulanyş ýagdaýyny hem-de gyş möwsümine taýýarlygyny üpjün etmek, zerur bolan abatlaýyş işlerini geçirmek barada häkime degişli görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny dowam edip, birbada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewi, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Ýazmyradowy çagyrdy.
Öňi bilen wise-premýer güýzlük bugdaý ekişine köpçülikleýin girişmek boýunça görlen taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ekiş möwsüminiň guramaçylykly we ýokary hilli hem-de bellenilen möhletlerde geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalar edildi. Möwsümiň barşynda ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işledilmegi, ýokary hilli tohumlar bilen ýeterlik derejede üpjün edilmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlendi.
Şol bir wagtyň özünde pagta ýygymy möwsüminiň başlanmagyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görüldi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen ýokary öndürijilikli pagta ýygýan kombaýnlarynyň täze tapgyrynyň ýurdumyza getirilendigini habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň gadym döwürlerden bäri bugdaý hasylyny ýetişdirmegi asylly iş hasaplaýandygyny belläp, ekiş möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi, şu jogapkärli möwsümde işlejek ekarançylaryň we degişli düzümleriň öndürijilikli zähmeti üçin zerur şertleri döretmegi tabşyrdy.
Soňra oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew bugdaý ekişine we pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, işleri guramaga, ýygnalan «ak altyny» kabul etmäge hem-de tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmäge degişli meseleleriň bökdençsiz çözülmegi üçin ýörite maksatnama işlenip taýýarlanyldy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, güýz paslynyň gelmegi bilen, daýhanlaryň durmuşynda wajyp oba hojalyk möwsümleriniň başlanýandygyna ünsi çekip, möwsümde meýilleşdirilen ähli çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň wajyp talap bolup durýandygyny belledi. Öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi obasenagat toplumynyň önümçilik düzümleriniň kuwwatlanmagynda aýratyn ähmiýetlidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Soňra Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Ýazmyradow ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligi, güýzlük bugdaý ekiljek meýdanlaryň öz wagtynda suwarylmagy bilen baglanyşykly taýýarlanan iş maksatnamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň suw gorlaryndan netijeli peýdalanmak, suwaryş ulgamlaryny kämilleşdirmek işlerine häzirki zaman tejribeleri, täzeçil tehnologiýalar ornaşdyrylýar.
Döwlet Baştutanymyz ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiliginiň bol hasylyň girewi bolup durýandygyny belläp, suwaryş ulgamynyň işini kämilleşdirmek meselelerine ylmy esasda çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işlere dünýäniň ösen tejribesiniň we sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan-saglyk, öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegi we berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.