Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewiň duşuşygy boldy.

Duşuşygyň öňýanynda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleri Sammitiň resmi banneriniň öňünde surata düşdüler.

Dostlukly döwletleriň Liderleri birek-birek bilen mähirli görşüp, ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak hem-de sebit we halkara syýasatynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler.

Gazagystanyň Baştutany bildirilen mähirli kabul edişlik üçin hoşallyk bildirip hem-de Sammitiň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy 2019-njy ýylda GDA-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň alyp baran işiniň üstünlikli tamamlanýandygy bilen gutlap, Bitarap Türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasy üçin häsiýetli bolan hem-de GDA-nyň çäklerindäki gatnaşyklarda mynasyp beýanyny tapan netijeliligiň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri türkmen hem-de gazak halklarynyň gadymy taryhy, medeni we ruhy ýakynlygyna esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň ösüş depginine ýokary baha berip, özara gatnaşyklaryň giň gerimi boýunça pikir alyşdylar.

Taraplar iki ýurduň bar bolan ykdysady we serişde kuwwatyny giň gerimli durmuşa geçirmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri, şeýle hem energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Dostlukly döwletleriň Baştutanlary ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalarynyň, şol sanda GDA-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassykladylar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Kasym-Jomart Tokaýew halkara syýasatynyň meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda tutuş dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, dünýä derejesindäki ekologiýa meselelerini çözmegiň çäklerinde tagallalary birleşdirmek işinde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň wajypdygyny nygtadylar.

Söhbetdeşler parahatçylygy, hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak üçin esas goýujy gural hökmünde ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmegiň zerurdygyny bellediler.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan “açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, hemişe dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleriniň ählisi bilen oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgesinden ugur alýar.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Kasym-Jomart Tokaýew Türkmenistanyň we Gazagystanyň däp bolan dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklap, iki doganlyk halklara bagtyýarlyk, parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny aýtdylar.

Duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Ý.Koşanow, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary – maliýe ministri A.Smailow hem-de Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri M.Tleuberdi gatnaşdylar.