Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň duşuşygy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň duşuşygy boldy.

Duşuşygyň öň ýanynda iki ýurduň Baştutanlary sammitiň resmi banneriniň öňünde surata düşdüler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin mähirli görşüp, taraplaryň däbe öwrülen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, umumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän netijeli türkmen-russiýa gatnaşyklaryny geljekde hem hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak maksadyna ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi hakynda, GDA-nyň çäklerinde hem-de halkara giňişliginde özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirmek bilen deňhukuklylyk, birek-biregi hormatlamak we ynanyşmak ýörelgelerinde guralýan döwletara hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini hem-de strategiki häsiýetini bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putine Aşgabat Sammitine gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa bilen hyzmatdaşlygyň biziň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.

RF-niň Baştutany türkmen Liderine Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylyk hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwletara gatnaşyklarynyň okgunly depginini belledi. Olaryň ösdürilmegine bolsa, Russiýa hem uly ähmiýet berýär.

Duşuşygyň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklary we geljek üçin meýilnamalary iş ýüzünde amala aşyrmak babatda türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlygyň üsti yzygiderli ýetirilýän uly göwrümli kadalaşdyryjy-hukuk binýady Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň uzakmöhletleýin özara gatnaşyklary ugur edinýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady ulgamda tagallalary netijeli birleşdirmek, dürli pudaklarda, işewür düzümleriň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek üçin köpugurly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Şunda Hökümetara toparynyň, Türkmen-russiýa we Russiýa-türkmen işewürler geňeşiniň işine, şeýle hem bilelikdäki işewürlik forumlaryna ähmiýetli orun berilýär. Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga sazlaşykly häsiýet mahsus bolup durýar. Olaryň hatarynda Tatarystan Respublikasy, Astrahan we Swerdlowsk oblastlary, Sankt-Peterburg şäheri hem-de beýlekiler bar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan ynsanperwer ulgamda däbe öwrülen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, netijeli bilim, ylym hem-de medeni gatnaşyklary berkitmek we giňeltmek babatda pikirlerini aýtdylar.

Taraplar türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň mazmunyna, umuman, ýokary baha bermek bilen, sebitiň we dünýäniň gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar, iki döwletiň BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassykladylar.

Türkmenistan we Russiýa uly kuwwata eýe bolan Hazarda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmegi maksat edinýärler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň başyny başlan, awgust aýynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen, sebit hem-de sebitara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança öwrülen birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýeti we netijeliligi bellenildi.

Iki ýurduň Baştutanlary GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibi barada durup geçmek bilen, Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilýän häzirki sammitiň Arkalaşygyň giňişliginde deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeň ilerletmäge, onuň geljegi uly täze ugurlaryny işläp taýýarlamaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin taraplaryň özara erk-islege daýanýan we anyk netijeleri ugur edinýän giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyny ýene-de bir gezek bellemek bilen, birek-birege saglyk hem-de üstünlik, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halklaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary - Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy K.Çuýçenko, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kömekçisi Ý.Uşakow hem-de Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.Lawrow gatnaşdylar.