Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine, döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere, şeýle-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Merkezi balans toparynyň düzümini tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasy hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetinde hem-de onuň garamagyndaky edaralarda resminama dolanyşygyna «Elektron salgyt» ulgamyny girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer balans toparynyň işi barada maglumat berip, maliýe taýdan durnuklylygy üpjün etmek, tölege ukyplylygy artdyrmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 3-nji noýabryndaky Kararyna laýyklykda, Merkezi balans topary hakyndaky Düzgünnama üýtgetmeler girizildi. Birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda, bu toparyň düzümine gaýtadan seredildi hem-de bu barada Kararyň taslamasy taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp we bu düzümiň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtap, hödürlenilen resminama gol çekdi hem-de ony sanly elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi we bu barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisiň dowamynda wise-premýer hormatly Prezidentimize «Elektron salgyt» ulgamyny girizmegiň göz öňünde tutulýandygy barada habar berdi. Bu ulgam Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda hem-de salgyt ulgamynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň pudaklaryň sanlaşdyrylmagyna aýratyn üns berýändigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmek barada wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin bölümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, gazhimiýa önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, degişli pudaklara dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmak maksady bilen ýerine ýetirilýän işler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek baradaky şertnamany baglaşmagy hakynda”resminamanyň taslamasy hödürlenildi. Bu resminama laýyklykda, Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries, Ltd» kompaniýasy bilen Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawody dolandyrmakda maslahat beriş hyzmatlary ýerine ýetiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi. Şoňa laýyklykda, senagatyň binýatlaýyn pudaklarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegine iri maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ykdysadyýetiň senagatlaşdyrylmagyny, täze ýokary netijeli, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň we öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň esasynda işleýän döwrebap önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegini esasy ugur edinýändigini belläp, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu ugurdaky tejribelerini mundan beýläk-de öwrenmegiň we şolary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ahal welaýatynda gazdan ekologiýa taýdan arassa awtomobil ýangyjyny öndürýän dünýäde ilkinji zawodyň gurluşygynyň amala aşyrylmagy netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Bu taslamanyň ýerine ýetirilmegi diňe bir milli ykdysadyýetimiziň köpugurly esasda ösdürilmeginde däl, eýsem, dünýäniň nebitgaz senagatynda möhüm tapgyra öwrüldi. Munuň şeýledigini halkara guramalarynyň güwänamalary we abraýly baýraklary has aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.

Bu döwrebap toplum ABŞ, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Gollandiýa, Şwesiýa, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Hindistan we beýleki döwletleriň dünýä belli önüm öndürijileriniň iň täze tehnologiýalary we enjamlary bilen üpjün edildi. Kärhanada ýylda 1 milliard 785 million kub metr «mawy ýangyjy» gaýtadan işlemek we EURO-5 standartyna gabat gelýän EСO -93 görnüşli benziniň 600 müň tonnasyny hem-de dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy öndürmek meýilleşdirilýär.

Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň işläp taýýarlan tebigy gazdan awtomobil ýangyjyny öndürmek boýunça döwrebap tehnologiýasy energiýa serişdelerini az mukdarda harçlamak we daşky gurşawa ýaramaz täsiri peseltmek arkaly ýokary hilli önüm öndürmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle taslamalary amala aşyrmak bilen, biz «ýaşyl ykdysadyýete» geçmek üçin zerur şertleri döredýäris. Bu bolsa ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň öňdebaryjy pudaklarynyň energiýa babatda netijeliligini ýokarlandyrmak üçin wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow inžener-tehniki işgärleri taýýarlamak, hünär okuw ulgamyny kämilleşdirmek, nebitgaz pudagynda işleýänleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak meselelerine möhüm üns bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmengaz» döwlet konserniniň maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek baradaky şertnamany baglaşmagy hakynda» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu resminamanyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitiň ýurtlarynyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, ekologiýa taýdan arassa «mawy ýangyjy» ulanmagyň hasabyna daşky gurşawy goramak babatda öňde durýan wezipeleriň netijeli çözülmegine täze itergi bermäge gönükdirilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň depginlerini ýokarlandyrmak üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Türkmenistanyň çägindäki döwlet ähmiýetli awtomobil we demir ýol köprüleriniň tehniki ýagdaýyny seljermek boýunça pudagara toparyň ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, ýurdumyzda döwlet ähmiýetli awtomobil we demirýol köprüleriniň 582-si bar. Hasabatyň dowamynda hünärmenleriň geçiren barlaglarynyň netijeleri barada hem habar berildi. Şeýle hem ýerli ähmiýetli köprülere seljerme geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bir hatarda, çylşyrymly we ýokary halkara ölçeglerine gabat gelýän inženerçilik-ulag ulgamyna degişli desgalary gurmak hem-de şolary ulanmaga bermek boýunça ýokary netijeleriň gazanylandygyny nygtady.

Ähli amala aşyrylýan çäreler Türkmenistanyň durnukly ulag gatnaşyklary we bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyna güwä geçýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag-logistik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, häzirki zaman awtomobil we demirýol köprülerini, beýleki wajyp desgalary gurmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Şunuň ýaly desgalaryň gurluşygynda häzirki zaman usullary hem-de täzeçil tehnologiýalar ulanylmalydyr hem-de şolar inženerçilik-tehniki we ulanyş görkezijileri babatda köpri gurmagyň halkara kadalaryna doly kybap gelmelidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şolaryň gurluşygynda ylmy-barlag, geofiziki, geologiýa, inžener-tehniki we gurluşyk-gurnama işleriniň toplumlaýyn esasda ýerine ýetirilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz köprüleriň gurluşygynyň sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, wise-premýere bellenilen işleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işlere ünsi çekip, ýurdumyzyň energetika syýasatyny durmuşa geçirmek, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny çekmegiň taslamasyny amala aşyrmak bilen baglanyşykly birnäçe wezipeleri kesgitledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz maýa goýumlaryny çekmäge möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, bu işleriň bellenilen möhletde we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow dokma senagatynda täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara toparyň mejlisiniň jemleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny berkitmek boýunça milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde goýýan wezipeleri dokma senagatynyň kärhanalary tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer düýe hem-de geçi ýüňüni gaýtadan işleýän täze egirme kärhanasyny hem-de dokma, ýüň, gamyş we gowaça çöpüniň galyndylaryny gaýtadan işleýän önümçiligi döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Täze desgalaryň dünýäniň döwrebap täzeçil enjamlary bilen üpjün ediljekdigi barada aýdyldy.

Şeýle hem wise-premýer hasabatyň dowamynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara toparynyň mejlisiniň çäklerinde iş toparyny we hereketleriň degişli meýilnamasyny döretmek boýunça çözgüdiň kabul edilendigi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň senagat toplumynyň esasy ugurlarynyň biri bolan dokma senagatynyň öňünde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň mukdaryny artdyrmak, täze ýokary tehnologiýaly toplumlary döretmek, dürli görnüşli ýerli serişdeleriň netijeli ulanylmagy bilen bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligi boýunça gaýtadan işleýän kärhanalary gurmak babatda öňde möhüm wezipeleriň durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we sanlaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi we Diýarymyzyň eksport harytlarynyň möçberini artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň wajypdygy barada aýdyp, onuň ähli hil görkezijilerine we ekologiýa talaplaryna laýyk gelmelidigini belledi. Munuň üçin bolsa dokma kärhanalary iň döwrebap, ýokary hilli enjamlar bilen üpjün edilmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlaşdyrmak, önümçilige ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow munuň pudaklaryň işini talaba laýyk derejede döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýetlidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň sanlaşdyrylmagynyň sebit derejede üstünlikleriň gazanylmagyna ýardam edýändigini belläp, obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilaty üçin döredilýän ýaşaýyş-durmuş şertlerini döwrebap derejede düýpli özgertmek boýunça Milli maksatnamanyň ýerine ýetirilmegini depginli dowam etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti we sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça kabul edilen Konsepsiýany durmuşa geçirmek baradaky Pudagara toparyň öňünde durýan möhüm wezipeler hakynda aýdyp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň işiniň kämilleşdirilmegine, dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň ornaşdyrylmagyna, sanly ulgama geçmegi işjeňleşdirmäge möhüm üns bermegi wise-premýerden talap etdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň işine ünsi çekip, bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän düzümlerinde, şol sanda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde, Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen söwdany guramak işleri, ýurdumyzda öndürilen önümleriň ýerlenilýän bazarlaryny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin strategiýasynyň» taslamasy hödürlenildi.

Bu Strategiýa Türkmenistanyň haryt öndürijileriniň halkara söwdasyna gatnaşmagy üçin amatly şertleri döretmek arkaly ýurdumyzyň eksport kuwwatyny giňeltmäge gönükdirilendir. Onuň durmuşa geçirilmegi kärhanalaryň netijeli täjirçilik işini üpjün etmäge, şol sanda «bir penjire» ulgamynyň üsti bilen sanly ulgamy we maglumatlar üpjünçiligini, täze birža gurallaryny ulanmak arkaly söwda işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berer. Strategiýanyň baş wezipesi Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň sebitde hem, dünýäde hem bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň we ýurdumyzyň söwda toplumynyň beýleki edaralarynyň işlerine çemeleşmeleri döwrebaplaşdyrmagyň, sanlaşdyrmak esasynda eksport-import amallaryny kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz telekeçilik işleriniň täze ugurlaryny we usullaryny gözlemegiň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň işewürliginiň senagat pudagyny we daşary ykdysady aragatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmakda wajyp orun eýeleýändigini belläp, bazar gurallaryny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de telekeçileriň döwlet maksatnamalaryna we giň gerimli taslamalara işjeň gatnaşmagy üçin şertleri döretmek boýunça wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow ylym we bilim ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň sanly ösüş ulgamynda öňde goýan wezipeleriniň çözülmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hususan-da, wise-premýer ýurdumyzyň ylym we bilim edaralarynyň ulgamynda öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagyny giňeltmek, sanly ulgam arkaly okatmagyň amatly we netijeli usullaryny guramak hem-de Diýarymyzyň ylmy-barlag taslamalaryny ösdürmek üçin elektron meýdançasyny döretmek, döwletimiziň ylmy-tehniki kuwwatyny ýokarlandyrmak maksady bilen, täze programma serişdelerini peýdalanmak boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanlaşdyrmagyň ykdysadyýetimizi we durmuş ulgamyny ösdürmegiň strategiki ugrudygyny , degişli düzümleriň, maddy-enjamlaýyn we maglumat gaznasynyň döredilmeginiň hem-de giňeldilmeginiň onuň möhüm guraly bolmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz bu babatda iň gowy daşary ýurt tejribelerini, şol sanda sanly ulgamlary dolandyrmak we goramak babatynda toplanylan öňdebaryjy tejribeleri öwrenmegiň zerurdygyny aýdyp, degişli işgärleri – sanly ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere bilim we ylym ulgamlaryny sanlaşdyrmak boýunça bellenilen çäreleriň durmuşa geçirilişiniň barşyny berk gözegçilikde saklamagy, dünýäniň sanly ulgamynyň giňişligine goşulyşmak maksady bilen, bu ugurda bilelikdäki taslamalary höweslendirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa maddy däl medeni gymmatlyklary toplamak hem-de olary düýpli öwrenmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyryljak ylmy topary guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän toparyň agzalary türkmen halkynyň saklanyp galan däp-dessurlary, ýörelgeleri, aýdymlary we beýleki maddy däl medeni gymmatlyklary baradaky maglumatlary ýygnarlar, olar düýpli öwreniler we şolaryň esasynda ylmy işler — makalalar, gollanmalar, dissertasiýalar ýazylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, aýawly saklanyp gelinýän türkmenleriň baý taryhy we özboluşly medeniýetine degişli subutnamalary öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, oňa gatnaşyjylaryň halkymyzyň hakydasynda saklanan nakyllaryň, ganatly jümleleriň ýygnalmagyna, rejelenilmegine möhüm üns bermegi zerurdyr. Gadymy türkmen dilinde ulanylan käbir sözleriň, wagtyň geçmegi bilen ulanyşdan galanlary bar. Bularyň hemmesi biziň bahasyna ýetip bolmajak mirasymyzdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Halk döredijiliginde köpsanly nakyllar we rowaýatlar bar. Şolar ýurdumyzyň dürli sebitlerinde dürli görnüşlerde ulanylýar. Şeýlelikde, bu gymmatlyklary ýygnap, öwrenip, alnan maglumatlar çap etmäge taýýarlanylmalydyr. Munuň diňe bir ylmy babatda däl, eýsem, ägirt uly terbiýeçilik ähmiýeti bardyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Ahalteke bedewi, türkmen alabaýy, el halylary ýaly umumadamzat medeniýetiniň hazynasyna goşulan milli gymmatlyklar baradaky maglumatlary giňden ýaýratmak boýunça alnyp barylýan ylym-bilim işlerini dowam etmek zerurdyr. Milli Liderimiz ýurdumyzyň çäginde irki antik döwürden orta asyrlaryň soňky eýýamlaryna çenli bolan aralykda saklanyp galan taryhy arheologiýa ýadygärlikleri hakyndaky maglumatlaryň dünýäniň taryhy ylmy üçin uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlary boýunça guraljak toparyň işiniň taýýarlygy we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda ähli zerur tagallalary etmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň barşy we ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda ýaz ekişine taýýarlyk işleri, hususan-da, gowaça ekmek üçin kesgitlenen sürüm, tekizlemek we ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şeýle hem oba hojalyk tehnikalary abatlanylýar.

Şunuň bilen birlikde, güýzlük bugdaý ekinlerine ideg işleri alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Oba hojalyk ekinleri üçin himiki serişdeleri we mikrodökünleri satyn almak hakynda» Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan we oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini hem-de pudaga öňdebaryjy ylmy usullaryň we sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna pudagyň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow güýzlük dänelik ekinlere edilýän ideg işleriniň we ýaz ekişine taýýarlyk çäreleriniň depginini güýçlendirmek barada anyk görkezmeleri berdi. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz şu ýyl her welaýatda bugdaýyň, gowaçanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen ähli zerur çäreleri görmegi wise-premýerden talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ekinleri üçin himiki serişdeleri we mikrodökünleri satyn almak hakynda Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu serişdeleri satyn almak üçin şertnamalaryň baglaşylmagyny we olaryň ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynda döwlet Baştutanymyzyň öňe süren başlangyçlarynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bitaraplygyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp 14-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen maslahatda eden çuňňur many-mazmunly çykyşy ýurdumyzyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlaryny öz içine aldy. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň beýan eden başlangyçlaryny we «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň çäreleriniň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň meýilnamasy taýýarlanyldy.

Milli Liderimiziň parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşe ýetmek, ekologiýa, ynsanperwer hyzmatdaşlygy hem-de beýleki dünýä ähmiýetli meseleler bilen baglanyşykly öňe süren möhüm we döwrüň talap edýän tekliplerini durmuşa geçirmek maksady bilen, anyk çäreleriň birnäçesini guramak meýilleşdirilýär.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy syýasy-diplomatik ugry boýunça dünýä derejesinde Bitaraplyk ýörelgelerini amaly taýdan durmuşa geçirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň başlangyjyndan ugur alyp, golaýda BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki baş edarasynda daşary ýurt ilçileriniň gatnaşmagynda duşuşygyň meýilleşdirilendigini habar berdi. Onda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde bitaraplyk ýörelgelerini ulanmak boýunça Kadalar toplumyny işläp taýýarlamak hem-de Bitaraplygyň halkara dostluk toparyny döretmek boýunça teklip ara alnyp maslahatlaşylmaga hödürleniler.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda aýratyn bellenilip geçilen Owganystanyň parahatçylykly ösüşine ýardam bermek babatynda 2020 — 2022-nji ýyllarda Türkmenistanyň Owganystana ynsanperwer kömegini bermeginiň maksatnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Milli Liderimiz maslahatda eden çykyşynda halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ünsi çekip, şunuň bilen baglylykda, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýleki maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Bu wezipäni ýerine ýetirmek maksady bilen, şu günler zerur işler alnyp barylýar.

Wise-premýer, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek bilen bagly gozgan meseleleri barada aýdyp, halkara maslahatynyň jemleri boýunça 12 sany birýyllyk meýilnama gol çekilendigini belledi.

Şu günler degişli döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde bu meýilnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň DIM-i bu işlere gönüden-göni gatnaşýar we şol bir wagtda umumy işleri utgaşdyrmagyň wezipesini amala aşyrýar.

2020 — 2025-nji ýyllar üçin durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça işlere girişildi. Daşary işler ministrligi BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça wezipeleri amala aşyrmaga girişdi. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen gatnaşyklary täze derejä çykarmak ugrunda işler geçirilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy hem-de BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy guramalary bilen gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň gümrük hem-de statistika ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki işleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer, daşary işler ministri ekologiýa we daşky gurşaw ulgamynda kesgitlenilen wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça Aral deňziniň sebitiniň ýurtlary üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny düzmegiň, Aziýa hem-de Ýuwaş ummany sebiti boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň degişli kararnamasynyň taslamasyny taýýarlamagyň ähmiýetini belledi. Bu resminama şu ýylyň maý aýynda Bangkok şäherinde geçiriljek bu Komissiýanyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde garamak teklip edilýär.

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwer ugry boýunça başlangyçlary, hususan-da, Türkmenistanyň degişli halkara guramalary bilen adam hukuklary babatynda öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň demokratik edaralarynyň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek ugrunda ysnyşykly we köpugurly hyzmatdaşlygy barada durup geçdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek barada teklip beýan edildi. Bu mejlise ynsanperwer ulgamda iş alyp barýan abraýly guramalaryň Türkmenistandaky we Merkezi Aziýadaky wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda ýurdumyzyň köpýyllyk we ygtybarly hyzmatdaşy bolan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça kesgitlenilen wezipelerden ugur alyp, häzirki wagtda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň arasynda 2020 — 2021-nji ýyllar üçin iş meýilnamasy taýýarlanyldy.

Şeýle hem maslahatyň dowamynda halkara medeni-durmuş gatnaşyklaryny ösdürmekde ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan ÝUNESKO bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselesine garalandygy bellenildi. Bu halkara guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, ÝUNESKO işleri boýunça Milli komissiýanyň düzgünnamasyny we gurluşyny kämilleşdirmek hem-de täze düzümini düzmek zerurlygy ýüze çykdy.

Şunuň bilen baglylykda, halkara tejribesine esaslanyp, şeýle hem ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň täze açylan sanly tehnologiýalar, statistika, suw serişdelerini dolandyrmak ugurlaryny göz öňünde tutmak bilen bu resminamalaryň taslamalaryny işlemek ýola goýuldy hem-de ýakyn wagtda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna anyk teklipler hödürleniler. Bu teklipler makullanylan halatynda döwlet edaralary we halkara guramalary bilen bilelikde, Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de halkara kadalaryna laýyklykda degişli işler geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabatda geçirilen halkara maslahatynyň ýurdumyzyň halkara bileleşigindäki abraýyny we ornuny pugtalandyrmakda, ählumumy derejede bitaraplyk ýörelgeleriniň ykrar edilmeginde uly ähmiýetini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere, daşary işler ministrine öňe sürlen başlangyçlary durmuşa geçirmek we umuman, Bitaraplygyň 25 ýyllygyna taýýarlyk görmek boýunça meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatynda degişli tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz DIM-de şanly senä bagyşlap hem-de bu uly ähmiýetli taryhy waka mynasybetli geçirilýän çäreler barada baý habar maglumatlaryny özünde jemleýän ýörite saýtyň açylandygy baradaky habary kanagatlanma bilen kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem bu saýtda toplanylan maglumatlaryň geljekde ýörite neşiri taýýarlamak üçin peýdalanylmagynyň maksada laýyk boljakdygyna, hususan-da, munuň halkara jemgyýetçiligi we diplomatlar üçin peýdaly boljakdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli parlamentiň alyp barýan işi barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, deputatlar Türkmenistanyň kanunçylyk binýatlaryny döwrebaplaşdyrmak, özgertmeleri hukuk taýdan goldamak boýunça maksatnamalaýyn işleri alyp barýarlar. Bu işler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna hem-de onuň demokratik edaralarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Mejlisi öňdebaryjy tejribäni we dünýä standartlaryny öwrenmek hem-de şolary milli kanunçylyk-hukuk tejribesine ornaşdyrmak maksady bilen, halkara hyzmatdaşlygyny, şol sanda köpugurly parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça zerur çäreleri amala aşyrýar.

Şeýle hem milli parlamentiň Başlygy deputatlaryň döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasatynyň, öňe sürýän oňyn halkara başlangyçlarynyň we kabul edilýän täze kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini ilatyň arasynda giňden düşündirmek işlerini yzygiderli alyp barýandyklaryny habar berdi.

Milli Liderimiz kanunçykaryjylyk işiniň giň gerimli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň möhüm guralydygyny hem-de halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, raýatlyk düzümleriniň berkidilmegine hem-de jemgyýetde demokratik gymmatlyklaryň tassyklanmagyna ýardam bermelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, kanun çykaryjylyk işinde iň gowy dünýä tejribesini peýdalanmak boýunça ýurdumyzyň mundan beýläk-de öňe ilerlemegine gönükdirilen wezipeleri amala aşyrmak ugrunda maksatnamalaýyn we yzygiderli işleri alyp barmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisini jemläp, Ministrler Kabinetiniň ähli agzalaryna ýüzlenip, döwlet maksatnamalarynyň we ösüş strategiýasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegiň esasy borç bolup durýandygyny belledi.

Milli Liderimiz Hökümetiň işiniň wajyp ugurlary barada aýdyp, sanly ykdysadyýete geçmek, elektron hyzmatlar ulgamyny ýola goýmak, döwlet edaralaryny we desgalary mundan beýläk-de hususylaşdyrmak, dürli pudaklarda bar bolan degişli mümkinçilikleri herekete girizmek üçin şolary paýdarlar jemgyýetine öwürmek babatda netijeli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz hojalygy ýöretmegiň bazar gatnaşyklaryny has işjeň ulanmaga, bu ugurda daşary ýurtlaryň netijeli işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda zerur tagallalaryň edilmegine täze çemeleşmeleriň wajypdygyna ünsi çekdi.

Ilatyň iş üpjünçiligini ýokarlandyrmak, senagatlaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň täze görnüşlerini özleşdirmek, ýokary tehnologiýaly, täzeçil önümçiligi döretmek boýunça yzygiderli çäreler görülmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň «Türkmenistan —Bitaraplygyň mekany» şygary bilen baglanyşykly çäreleriň geçirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. «Açyk gapylar» syýasatyny, köptaraply ykdysady diplomatiýany alyp barýan ýurdumyz baý taryhy-medeni mirasy bolan döwlet hökmünde dünýä bellidir. Biz şolary giňden wagyz etmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şeýle hem mejlisde döwlet durmuşyna degişli beýleki birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisini tamamlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.