Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

photo

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň 2019-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň we aýry-aýry ministrleriň hasabatlary diňlenildi. Mejlisiň barşynda ýerine ýetirilen işlere baha berildi, şu ýylda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi hem-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi.

Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer geçen ýylda döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ähli pudaklarda ýokary görkezijileri üpjün etdi. Esasy makroykdysady görkezijiler, ozaly bilen, jemi içerki önümçiligiň durnukly ösüş depgini munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň aýry-aýry ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça hasabat maglumatlarynyň jemlenilendigi hem-de seljerme işleriniň geçirilendigi barada hem habar berildi.

Wise-premýer ýurdumyzyň sebitlerinde önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy hakynda hasabat berip, 2019-njy ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberiniň 35,8 milliard manada barabar bolandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Hökümetiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, onuň gurluşyny üýtgetmek baradaky çözgüdiň kabul edilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz G.Myradowy başga işe geçmegi sebäpli, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyp, degişli resminama gol çekdi.

Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow 2019-njy ýylyň netijeleri boýunça hasabat berip, halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda durnukly ösüşiň saklanýandygy barada aýtdy.

Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100,6 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,9 göterim ýerine ýetirildi.

2019-njy ýylyň dowamynda balans toparlarynyň 90 mejlisi, şol sanda sebitleriň balans toparlarynyň 84 mejlisi geçirildi.

Ministr «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan 242 desganyň 11-sinde gurluşyk işleri tamamlandy, 108-sinde gurluşyk-gurnama işleri dowam edýär.

Şeýle hem degişli Konsepsiýada kesgitlenilen wezipelere laýyklykda, sanly ykdysadyýeti we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, B.Bazarowy başga işe geçmegi sebäpli, maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini habar berdi. Döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekip, maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine E.Annamuhammedowy belläp, ony maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak hakynda degişli Permana gol çekdi.

Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow 2019-njy ýylda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň bellenilen tabşyryklary ýerine ýetirişi hakynda hasabat berdi.

Hususan-da, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, önümleriň köp görnüşleriniň öndürilýän mukdary artdy.

Geçen ýylda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl böleginde ýokary netijeler gazanyldy. Umuman alanyňda, önümçiligiň düzüminde önümleriň 65,3 göterimi hususy telekeçileriň paýyna düşdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Statistika baradaky döwlet komitetiniň öňünde goýlan anyk wezipelere ünsi çekdi. Milli Liderimiz ähli ulgamlarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, sanly ykdysadyýetiň kemala getirilmeginiň, maglumatlaryň täze çeşmeleriniň peýda bolmagynyň hem-de dessin we ýokary hilli statistika maglumatlaryna zerurlygyň degişli düzümiň öňünde täze wezipeleri goýýandygyny belledi.

Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew 2019-njy ýylda ýolbaşçylyk edýän edaralary tarapyndan ýerine ýetirilen işler, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýyl ýurdumyzyň banklary tarapyndan berlen karzlaryň umumy möçberi 9,7 göterim, döwlete degişli bolmadyk ulgama berlen karzlaryň möçberi 28,3 göterim, hususy önüm öndürijilere berlen karzlaryň möçberi 11,3 göterim ýokarlandy.

Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, uzak möhletleýin karz bermek boýunça işler dowam edýär. Şeýle hem geçen ýyl ornaşdyrylan bank hyzmatlarynyň täze görnüşleri barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe käýinç yglan etdi.

Soňra Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Müşşikow ilatly ýerleri elektrik energiýasy, gaz hem-de suw bilen üpjün etmek boýunça ministrlikleriň we pudak edaralarynyň alyp baran işlerine geçirilen seljermäniň netijeleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu barlaglaryň netijelerini düýpli seljermek hem-de bar bolan kemçilikleri düzetmek boýunça zerur çäreleri görmek barada degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz G.Müşşikowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine hem-de Daşoguz welaýaty boýunça jogapkär edip belläp, ony Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täze bellenen wise-premýere ýüzlenip, maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ähli ýolbaşçylarynyň wezipesiniň, ozaly bilen, pudaklary depginli ösdürmegiň, olara sanly ulgamy ornaşdyrmagyň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna ykdysadyýetimiziň ýokary depginli durnukly ösüşini saklamakdan ybaratdygyny nygtady.

Şonuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini aýratyn gözegçilikde saklamagyň hem-de içerki bazary ösdürmegiň we onuň eksport harytlaryna baglylygyny azaltmagyň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz şu ýyl ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ençeme ugurlaryna köp möçberde maýa goýumlaryny goýup başlamalydygymyzy aýtdy. Esasy pudaklary tehnologik taýdan döwrebap ýagdaýa getirmek üçin milliardlarça manat serişdäni goýbermelidiris.

Bular bolsa ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak we kompýuter tehnikasy, gurluşyk senagaty, deňiz we demir ýol ulaglary, oba hojalygy hem-de energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalar bolup durýar.

Biz ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işlerine goýulýan maýa goýumlaryny hem artdyrmaly. Ykdysadyýetiň gurluşyny kämilleşdirmegi, ýaş, täze ýolbaşçy işgärleri taýýarlamagy dowam etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bank ulgamynyň esasy wezipeleri bolsa, ozalkysy ýaly, puluň hümmetsizlenmegini kesgitlenen derejede saklamakdan, pul serişdelerini düzgünleşdirmek we oňa gözegçilik etmek esasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini pul serişdeleriniň zerur mukdary bilen üpjün etmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2025-nji ýyla çenli döwür üçin täze Milli maksatnamany taýýarlap, şu maksat bilen mümkin boldugyça köpräk maýa goýumlaryny gönükdirmeli.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, sebitleri ösdürmegiň strategiýasynyň islendik döwletiň durnukly ösüşiniň möhüm bölegidigini belledi. Bu mesele çäkleriň tebigy-serişde mümkinçiligi we ony yzygiderli ösdürmek, demografiýa hem-de ilatyň iş bilen üpjünçiligi, durmuşynyň derejesi we hili ýaly örän möhüm ýagdaýlary öz içine alýar.

Biz döwlet syýasatymyzda işçi güýjüni netijeli dolandyrmak we zähmet bazarynyň meselelerini çözmek boýunça çärelere hem uly üns bermelidiris. Raýatlarymyzyň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklaryny amala aşyrmagy üçin şertleri döretmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze bellenen wise-premýere işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra milli Liderimiz Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine D.Durdylyýewi belläp, ony şol edaranyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini habar berdi. Döwlet Baştutanymyz täze jogapkärli wezipede oňa üstünlikleri arzuw edip, degişli Permana gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän pudaklarynda 2019-njy ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe şolar tarapyndan önümçilik meýilnamasy 123,3 göterim ýerine ýetirildi.

Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde 140,3 göterim ösüş gazanyldy.

Hasabat döwründe «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalary boýunça mineral dökünleri öndürmekde 152,2 göterim ösüş gazanyldy.

Senagat we kommunikasiýa ministrligi boýunça önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 107,6 göterim üpjün edildi.

Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary arkaly ýük daşamakda ösüş depgini 102,5 göterime, ýolagçy gatnatmakda 100,5 göterime deň boldy.

Bu görkeziji «Türkmensenagat» agentligi boýunça 104,9 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 129,2 göterime, «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça 103,9 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 101,3 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 185,9 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 105,9 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça uly işleriň geçirilýändigini belledi. Bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmak üçin, senagat toplumyny ulag we aragatnaşyk toplumyndan aýyrmak kararyna gelnendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýerleriň gözegçilik edýän ulag we kommunikasiýa toplumy hem-de gurluşyk we senagat toplumy döredilýär.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowy ulag we kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçysy wezipesine belläp, onuň bu ugurdan tejribeli hünärmendigini aýtdy.

Siziň üstüňize ähli ulag we kommunikasiýa agentlikleriniň işine gözegçilik etmek boýunça uly hem-de jogapkärli wezipe ýüklenilýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Sowatly işgärleri saýlap almak hem-de Aşgabatda we welaýatlarda IP merkezlerini gurmagyň taslamalaryny taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu işi goldamak üçin 10 million amerikan dollary möçberinde serişde berýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem B.Öwezowa wise-premýer P.Agamyradow bilen bilelikde, Döwlet gullugy akademiýasynda ähli derejedäki ýolbaşçylar üçin sanly ulgamy öwretmek boýunça ýörite okuwlara başlamagy hem-de ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde mugallymlaryň taýýarlanylyşyny güýçlendirmegi tabşyrdy.

Demir we awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek işlerini hem dowam etmek, zerur bolan maýa goýumlaryny tapyp, howa menzilleriniň gurluşygyny alyp barmak, aragatnaşyk serişdelerini ösdürmek, ähli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlap, halkara güwänamalaryny almak zerurdyr diýip, milli Liderimiz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny doly güýjünde işletmegiň, ulag-logistika merkezlerini gurmagyň üstünde işlemegiň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow B.Öwezowa beýleki wise-premýerler bilen bilelikde işläp, bu ugurda edilen işleriň netijeleri barada Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz häzirki döwürde sanly tehnologiýalaryň bütin dünýäde uly orny eýeleýändigini, döwlet dolandyryşyny gowulandyrmaga, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini ähli ýolbaşçylara duýdurdy.

Täze tehnologiýalar ykdysadyýetiň adaty pudaklaryny özgerdýär, işewürligi amatly alyp barmaga we ykdysadyýeti ösdürmäge ýardam berýär. Şoňa görä-de, ähli ýerde işgärleri okatmak we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy ýola goýmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Eger kim kompýuter bilen işlemegi başarmasa, onda ol ýolbaşçy bolup bilmez. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, wise-premýer P.Agamyradowa ýarym ýylyň jemleri boýunça Döwlet gullugy akademiýasynda ähli ýolbaşçylar we olaryň orunbasarlary üçin kompýuter tehnikasy boýunça synaglary guramagy, onuň netijesi barada soňra hasabat bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi dowam edip, ata Watanymyzy oba hojalyk ýurdundan senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça uly işleriň başlanandygyny belledi. Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, giň gerimli maksatnamalar kabul edildi.

Uly şäherçeleriň, edara ediş merkezleriniň we şäherleriň gurluşygy amala aşyrylýar. Bu işleriň ählisi ýokary guramaçylygy, gurluşyk işlerini başarjaň dolandyrmagy we gurluşyk serişdeleriniň öndürilýän möçberlerini düýpli artdyrmagy talap edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine Ş.Durdylyýewi belläp, ony Aşgabat şäheriniň häkimi wezipesinden boşatmak kararyna gelendigini aýtdy.