Ýöriteleşdirilen neşirde -- nebitgaz pudagynyň ösüş ugurlarynyň beýany

«Türkmengaz» Döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň işgärleri «Nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ylmy esaslary» ady bilen makalalar ýygyndysyny taýýarladylar. Ýyllyk neşiriň täze sanynda pudaklaýyn YBI-nyň işgärleriniň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlary düzüminiň, şeýle konserniň hünärmenleriniň işleri çap edilipdir.

Alty topara bölünen makalalar geologiýa, geofizika we gidrogeologiýa, nebit we gaz guýylaryny burawlamak, gazly hem-de gazkondensatly känleri özleşdirmek we ulanmak, gaz çykaryjy enjamlary ulanmak ulgamlarynda ýetilen üstünlikler we bu ugurda alnyp barylýan wajyp barlaglar barada gürrüň berýär.

Alymlaryň energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we ekologiýa deňagramlygy saklap galmak bilen baglanşykly işleri aýratyn gyzyklanma döredýär. Makalalaryň jemleýji toplumy pudagy ösdürmegiň ugurlaryny seljermäge bagyşlanypdyr. Ýygyndy ýangyç-energetika toplumynyň hünärmenleri köpçüligine, ugurdaş ýokary okuw mekdebiniň mugallymlaryna we talyplaryna niýetlenendir.