Ýurduň demirgazyk sebitiniň ekarançylary güýzki hasylyň düýbüni tutdylar

photo

Daşoguz welaýatynda güýzlik kartoşka ekişi tamamlandy. Ýeterlik tohum we tehnika bilen üpjünçilikde jogapkärli oba hojalyk çäresiniň oýlanşykly guralmagy gysga möhletde bir müň bir ýüz gektar meýdanda kartoşka ekmäge mümkinçilik berdi.

«Ýer almasyny» esasy ýetişdirijiler - bu gymmatly azyk ekinine ýörüteleşen Gurbansoltan eje we S. A. Nyýazow adyndaky etraplarda şu ýyl degişlilikde 29 müň 400 tonna hem-de 10,5 müň tonna ýazky kartoşka ýygnaldy.

Gurbansoltan eje adyndaky etrapda güýzlik kartoşka 600 gektar, S. A. Nyýazow adyndaky etrapda bolsa 300 gektar ýere ekildi. Ýazky kartoşka boýunça döwlet tabşyrygyny üstünlikli amal eden sebitiň ekarançylary ikinji ekinden hem ýokary hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk bazaryny doldurmaga goşant goşmagy göz öňünde tutýarlar.