TÜRKMENISTANYŇ WE HYTAÝYŇ DAŞARY SÖWDA EDARALARYNYŇ WEKILLERI HYZMATDAŞLYGYŇ GÜN TERTIBINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

Şu gün wideomaslahat aragatnaşygy arkaly Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara komitetiniň söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky bölümçesiniň VI mejlisi boldy. Türkmen wekilýetine Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysadygy gatnaşyklar ministriniň orunbasary K. Gurbanow, hytaý wekilýetine HHR-yň telekeçilik minisitriniň orunbasary we halkara söwda gepleşiklerinde HHR-yň wekiliniň orunbasary Ýuý Szýanhua ýolbaşçylyk etdiler.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garadylar. Hususan-da, özara gyzyklanma bilidrilýän ulgamlarda hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýasynyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şu jähtden Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ugurdaş pudak edaralarynyň wekilleriniň duşuşyklaryny geçirmek üçin aragatnaşygyň sanly görnüşiniň geljeginiň ulydygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özara bähbitli ileri tutulýan ulgamlaryň arasynda ulag, söwda, energetika, gurluşyk materiallarynyň önümçiligi, himiýa, şeýle hem dokma senagaty, OST, telekommunikasiýalar we maglumatlar tehnologiýalary bellendi.

Onlaýn-duşuşygyň barşynda özara haryt dolanşygyny artdyrmagyň möhümligine üns çekildi. Şu jähtden iki ýurduň döwlet edaralary derejesinde, şeýle-de telekeçilik birleşmesiniň wekilleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirildi, munuň özi, taraplaryň pikirine görä, özara gatnaşyklary has wajyp tapgyra çykakar.

Gepleşikleriň çäklerinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky bölümçäniň indiki, 7-nji mejlisini geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň jemi boýunça degişli protokola gol çekildi.