MALDARÇYLYK ÖNÜMLERINI ÖNDÜRMEK ÝOKARLANÝAR

photo

Obasenagat toplumynda maldarçylyk hojalyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, et we süýt öndürilişini artdyrmaga gönükdirilen uly möçberli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Halk Maslahatynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlaryna laýyklykda döwlet edaralarynyň garamagyndaky maldarçylyk fermalary tapgyrlaýyn hususylaşdyrylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary 90-a golaý maldarçylyk fermasyny hususy eýeçilige aldylar. Hususan-da, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gurulýan maldarçylyk toplumlary TSTB-niň agzalaryna hususy eýeçilige berildi. Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Balkan we Mary welaýatlaryndaky ozal gurulan guşçulyk toplumlary TSTB-niň agzalryna göni satmak arkaly hususylaşdyryldy.

Häzirki wagtda hususy maldarçylyk hojalyklarynyň 120-den gowragynda et we süýt öndürilýär, fermalaryň ýene 90-sy gurulýar.

Fermer hojalyklaryny ot-iým bilen ygtybarly üpjün etmek üçin zerur şertler döredilýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýer bölünip berilýär, olar ýokary öndürijilikli tohum mallary edinýärler, mallara zooweterinariýa kadalaryna laýyklykda ideg edilýär. Hususan-da, TSTB-niň agzalary bolan maldarlara ot-iýmlik ekinleri ekmek üçin 28 müň gektardan gowrak ýer bölünip berlip, häzirki wagtda şonça meýdanda ýorunja, mekgejöwen, arpa, soýa, jöwen we beýleki ot-iýmlik ekinler ýetişdirilýär.

Gara mallary ýetişdirýän hojalyklaryň köpüsi öz sürüsine ýokary önümli süýt, süýt-et we et berýän golştin, simmental, aberdin-angus, limuzin tohum mallary satyn aldylar. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda «Ajaýyp ussat halal önümleri» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinji bolup mermer et öndürýän maldarçylyk toplumyny gurdy we işe girizdi. Toplumda gara mallaryň aberdin-angus tohumy saklanylýar. Tehnologik kadalaryň ählisiniň berjaý edilmeginiň hasabyna hojalyk uly islegli ekologýa taýdan arassa ýokary hilli mermer et öndürýär. Şeýle hem Bäherden etrabynda ýerleşýän «Ak peçek» hususy kärhanasy gara mallary we dowarlary baga bakýar. Bu fermada ete niýetlenen limuzin tohumly gara mallar baga bakylýar. Zootehniki kadalaryň berjaý edilmeginiň hasabyna telekeçiler bir gije-gündiziň dowamynda mallaryň 1,5-2 kilogram semremegini gazandylar. Bu hojalykda bir maldan 400-450 kilogram, käte ondanam köp arassa et alynýar.

Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndaky “Nurly meýdan” daýhan hojalygy diňe bir guşçulyk däl, eýsem gara mallarry ýetişdirmek bilen hem meşgullanýar. Bu ýerde ýylda 100 tonna et öndürilmegi welaýatyň dolandyryş merkezini ýokary hilli et bilen üpüjn etmäge mümkinçilik berýär. Ot-iýmlik binýady berkitmek üçin daýhan hojalygyna 150 gektar ýer bölünp berildi.

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndan telekeçi Nury Annaöwezow özüne bölünip berlen 250 gektar meýdanda iýmlik ekinlerden ýokary hasyl alýar. Munuň özi telekeçä kuwwatlylygy ýylda 100 tonna et we 100 tonna süýt öndürmäge niýetlenenen öz maldarçylyk fermasyny ot-iým bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň hojalyklary maldarçylyk önümçiliginiň esasy önümleri – et we süýt öndürmegi artdyrýarlar. Muňa Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlary-da şaýatlyk edýär. Şu ýylyň 9 aýynda Türkmenistanyň hojalyklarynyň ählisinde ýanwar-sentýabr aýlarynda et öndürilişi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 6,2 göterim artdy.