TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTII TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

06.03.2021
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluny kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň aýdan hoşniýetli sözlerini we doganlyk türkmen halkyna iberen arzuwlaryny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, türk tarapynyň Türkmenistan bilen ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýän däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Baştutanyna mähirli sözleri aýdyp, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň netijeli we okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Iki ýurdy, ikitaraplaýyn bähbitlerde bolşy ýaly, sebitleýin hem-de ählumumy derejede abadançylyk maksatlaryna kybap gelýän netijeli we köpugurly hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar diýip, milli Liderimiz nygtady.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de myhman ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde we dürli ugurlarda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady ulgam, energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklary özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Şeýle hem Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysy amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen we iri düzümleýin taslamalary, giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýän türk işewürlerine berýän goldawy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Ynsanperwer ugur döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz we wajyp ugry bolup durýar. Munuň özi iki ýurduň halklarynyň taryhy, medeni we ruhy umumylygy bilen şertlendirilýär. Bu ugurda bilelikdäki iş boýunça ägirt uly tejribe toplandy, bilim, ylym, medeniýet, sungat, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin oňyn mümkinçilikler bar.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan bilen Türkiýäniň abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyk edýändigi, häzirki döwrüň wajyp meseleleri, aýratyn-da, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda garaýyşlarynyň deň gelýändigi ýa-da ýakyndygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz we myhman daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklary yzygiderli dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen berkidilendigini belläp, bu başlangyjy Türkiýäniň ilkinjileriň hatarynda goldandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmek hukugyny Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndan kabul edendigini aýdyp, bu hukugyň ýurdumyz üçin uly mertebedigini, bu işde Türkiýäniň toplan tejribesiniň bähbitli boljakdygyny we onuň üstünlikli dowam etdiriljekdigini belledi.
Milli Liderimiz 2020-nji ýylda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 8 göterim ýokarlanandygyny we ABŞ-nyň 2 milliard dollaryna golaý bolandygyny belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde hökümetara toparyň işine möhüm ornuň degişlidigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkiýeli işewürleriň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri we halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklary barada aýdyp, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň “Çalyk Enerji” kompaniýasyna ynanylandygyny muňa mysal getirdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň EKO-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde bu abraýly guramanyň döredilen gününe gabatlanyp, 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda halkara maslahaty geçirmegiň meýilleşdirilýändigini belledi.
Mundan başga-da, şu ýyl türkmen paýtagtynda ýokary derejeli Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe sammitini geçirmek meýilleşdirilýär, onuň dowamynda döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Pandemiýa ýokanjy zerarly bu çäräniň möhleti üýtgedildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň bu duşuşygy islendik amatly wagtda guramaga taýýardygy bellenildi.
Milli Liderimiz Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça Ýewropa çykalgasy bolan “Lapis Lazuli” ulag-üstaşyr geçelgesiniň mümkinçilikleriniň ulanylmagynyň Ýewropa çykalgany üpjün etjekdigine we sebitiň ýurtlaryna ägirt uly peýda getirjekdigine ynam bildirdi.
Stambul uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli maslahatyň geçirilendigi hem-de onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasynyň guralandygy habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasynda umumy maksatlara we bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ähli şertleriň bardygyny belläp, doganlyk döwletiň daşary işler ministrine bu ugurda geçirilýän işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu köpýyllyk döwletara gatnaşyklaryň taraplaryň mizemez dostluk gatnaşyklaryna we üýtgewsiz hoşniýetli erkine daýanmak arkaly mundan beýläk-de ösdüriljekdigine, täze anyk mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.