ASTRAHANDA TÜRKMENISTANYŇ LOGISTIKA MERKEZINI DÖRETMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

05.03.2021
4-nji martda Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsuly Güýç Garaýew «ОЭЗ «Лотос» PJ-nyň baş direktory Sergeý Miluşkin bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar Astrahan oblastynda döredilýän port aýratyn ykdysady zolagynyň çäginde (PAYZ) Türkmensitanyň logistika merkezini açmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Pikir alyşmalaryň barşynda Hazar sebitinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşi bellenildi. PAYZ-yň çäginde Türkmensitanyň logistika merkezini açmagyň meselesini ara alyp maslahatlaşmagyň jähtinden aýratyn ykdysady zolaga haryt akymlaryny amatlaşdyrmak we harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem maýa goýum işjeňligi, ekspeditorçylyk hem-de ulag kompaniýalarynyň işiniň amatly ykdysady guralyny kemala getirmek üçin meýdança hökmünde garalýandygy nygtaldy.
Sergeý Miluşkin türkmen tarapynyň Hazar sebitinde ykdysady hyzmatdaşlygy we umuman türkmen-russiýa gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak baradaky pikirini goldap, oňa hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Taraplar ýakyn wagtda bu ugurda hyzmatdaşlygyň meselelerini anyk ara alyp maslahatlaşmak üçin onlaýn-görnüşde Türkmenistanyň we RF-iň Astrahan oblastynyň ugurdaş düzümleriniň duşuşgyny geçirmegi göz öňünde tutýarlar.