Er-Riýadda Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanan brifing geçirildi

photo

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen şu ýylyň 12-nji dekabryndan başlap belleniljek Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanan brifing geçirdi. 

Çärä saud jemgyýetçilik guramalarynyň we kompaniýalarynyň birnäçesiniň, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer assosiasiýasynyň we Saud Arabystanynda ýaşaýan türkmenleriň, intelligensiýanyň, köpçülikleýin habar beriş serişdelriniň wekileri gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň arasynda Patyşa Feýsal adyndaky Yslam ylmy barlaglary merkeziniň, şeýle hem Ylmy barlaglar we halkara bilimleri merkeziniň işgärleri bar. 

Brifingiň barşynda bellenilşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara bitaraplyk gününi bellemek baradaky teklibi dünýä bileleşigi tarapyndan goldanyldy we BMG-nyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara bitaraplyk güni diýip yglan etmek barada Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Türkmen başlangyjynyň goldanylmagy ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge ägirt uly goşandynyň ykrak edilmegidir. 

Dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we goldanylan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy baradaky özboluşly halkara-hukuk derejesi onuň parahatçylyk söýüji daşary syýasatynyň we innowasion özgertmeler strategiýasynyň binýady bolup, durmuş-ykdysady ösüşi we demokratik özgertmeleri üpjün etmäge, iri sebit ulag-energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge, Türkmenistana ylalşdyryjy merkez we ählumumy meselelri we wehimleri çözmek üçin syýasy goşulyşmagyň köpugurly nusgasyny döretmek başlangyjy bilen çykyş eden ýurt hökmünde ykrar edilmegine mümkinçilik berdi. 

Duşuşygyň barşynda ýurduň taryhyndaky şanly senäniň geljekki baýramynyň diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem onuň daşynda hem giňden we dabaraly belleniljekdigi nygtaldy. Brifingiň ahyrynda sadaka berildi.