SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Er-Riýaddaky ilçisi «DUX Middle East (FZC) LLC» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
2026-njy ýylyň 13-nji awgustynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky, şol bir wagtda Oman Soltanlygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Oman Soltanlygynda hasaba alnan “DUX Middle East (FZC) LLC” kompaniýasynyň başlygy we ýerine ýetiriji direktory Rasul Guliaýewi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Rasul Guliaýew kompaniýanyň alyp barýan işleri barada Ilçä maglumat berdi. Şeýle hem ol Türkmenbaşy nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän nebi...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Saud Arabystanynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Amer bin Ali Al-Şehri bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-saud gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik gatnaşyklary...
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçisi Orazmuhammet Çaryýew bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Walid Al Hereýjiniň arasynda duşuşyk
2024-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçisi Orazmuhammet Çaryýew bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Walid Al Hereýjiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklarynyň ösdürmegini, hususan-da syýasy, ykdysady, energetika we medeniýet ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň DIM-niň baştutany Krasnogorsk şäherinde terrorçylyk zerarly wepat bolanlaryň ýadygärligini hatyralady
2024-nji ýylyň 24-nji martynda, ýekşenbe güni, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasyna bardy. Ol ýerde Podmoskowýeniň Krasnogorsk şäherindäki «Crocus City Hall» konsert zalynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç çäreleri geçirilýär. Ilçihananyň kabul ediş otagynda gynanç kitabyna ýazgy galdyrandan soň, R.Mer...
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi
2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamanyň awtordaşlary bolup 86 döwlet çykyş etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasyndaky telefon söhbetdeşligi barada
2024-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy G.M.Berdimuhammedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.I.Matwiýenkonyň arasynda telefon söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda, Türkmen halkynyň Milli Lideri düýn Moskwa oblastynda bolup geçen we köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly ýagdaý bilen baglanyşykly öz adyndan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan tüýs ýürekden gynanç...
Türkmenistanyň DIM-niň beýanaty
Türkmenistan 2024-nji ýylyň 22-nji martynda Moskwa oblastynyň Krasnogorsk şäheriniň “Crocus City Hall” konsertler merkezinde bolup geçen terrorçylyk hereketlerini berk ýazgarma bilen çykyş edýär. Merhum bolan adamlaryň ýakynlaryna we dogan-garyndaşlaryna gynanjymyzy hem-de goldawymyzy bildirýäris. Ejir çekenleriň ählisine tiz sagalmaklaryny arzuw edýäris. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi